ABŞ-nyň Pen­sil­wa­ni­ýa şta­ty­nyň gü­nor­ta-gün­do­ga­ryn­da ýer­leş­ýän Ken­nett meý­da­ny dün­ýä­niň kö­me­lek paý­tag­ty ha­sap­lan­ýar. Se­bä­bi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýän eme­li kö­me­lek­le­riň ýa­ry­syn­dan gow­ra­gy bu ýer­den eks­port edil­ýär. Ken­nett meý­da­nyn­da kö­me­lek ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek dä­bi XIX asy­ryň ahyr­la­ryn­dan göz­baş al­ýar.
Ken­nett meý­da­ny 6 müň­den gow­rak ila­ty bo­lan Çes­ter ok­ru­gyn­da­ky ki­çi­jik et­rap­la­ryň bi­ri­dir. Il­ki­baş­da – 1885-nji ýyl­lar­da gül ös­dü­rip baş­lan ýer­li halk (kwa­ker) boş meýdanlarda kö­me­lek ek­me­li di­ýen ka­ra­ra ge­lip, Ýew­ro­pa­dan kö­me­lek spo­ra­la­ry­ny ge­tir­mek üçin ga­ýyk­ly ýo­la düş­ýär­ler. Şeý­le­lik bi­len, Ken­nett meý­da­nyn­da il­kin­ji kö­me­lek­ler eki­lip baş­lan­ýar. Soň­lu­gy bi­len ýö­ri­te hü­nä­re öw­rü­len kö­me­lek ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek­de işe­wür­ler ýü­ze çy­kyp, ýö­ri­te daý­han­lar tu­tul­ýar. XX asy­ryň or­ta­la­ryn­da Ken­nett meý­da­nyn­da ýüz­ler­çe kö­me­lek gör­nü­şi eki­lip baş­lan­ýar. Hä­zir­ki wagt­da bu ýer­de 68 kö­me­lek fer­ma­sy bar. Ken­nett meý­da­ny­nyň top­rak-ho­wa şert­le­ri iýil­ýän kö­me­lek­le­ri eme­li usul­da ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mä­ge müm­kin­çi­lik ber­ýär. Bu ýer­de seý­rek duş gel­ýän kö­me­lek­ler bi­len bir­lik­de, ýa­ba­ny kö­me­lek­le­riň 100-­den gow­rak gör­nü­şi ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär. Ken­nett meý­da­nyn­da her ýyl 200 müň ton­na «ak tel­pe­jik­ler» ön­dü­ril­ýär.
Dün­ýä­niň kö­me­lek paý­tag­ty bi­len ýa­kyn­dan ta­nyş­mak is­le­se­ňiz, her ýy­lyň sent­ýabr aýyn­da bu ýer­de ge­çi­ril­ýän kö­me­lek fes­ti­wa­ly­na gat­naş­ma­ly. 1986-njy ýyl­dan bä­ri ge­çi­ri­lip ge­lin­ýän bu fes­ti­wal­da kö­me­lek ser­gi­le­ri bi­len bir ha­tar­da, kö­me­lek­den taý­ýar­la­nan dür­li ta­gam­lar hem köp­çü­li­ge hö­dür­le­nil­ýär. Şeý­le hem kö­me­le­giň tä­ze gör­nüş­le­ri, kim köp kö­me­lek iý­meşik we iň uly kö­me­lek ýa­ly çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. 2 ki­lo­metr uzyn­lyk­da­ky meý­dan­ça­da ge­çi­ril­ýän bu çä­rä 250 tö­we­re­gi kö­me­lek­çi (sa­ty­jy) we 100 müň tö­we­re­gi myh­man gat­naş­ýar. Ken­nett meý­da­ny ba­har pas­lyn­da sy­ýa­hat et­mek üçin iň go­wy ýer­le­riň bi­ri­dir.