Demirgazyk Irlandiýanyň çempionaty “NIFL Premiership”-de “Linfild” topary 2 ýyllyk arakesmeden soň çempionlygyny yglan etdi. Pleý-off tapgyrynyň çäginde 2-nji ýerdäki “Glentoran” toparyndan 2-1 hasabynda üstün çykan “Linfild” topary soňky 7 ýylda 5-nji, umumylykda-da 57-nji gezek milli liganyň çempionlygyny gazandy. Belfast şäheriniň wekili bu ugurda özüniň rekordyny ösdürdi. Ilkinji gezek 1890/91 möwsüminde çempion bolan “Linfild” topary 1886-njy ýylda esaslandyryldy.
“Linfild” topary dünýäde milli çempionatynda iň köp çempionlyk gazanan topardyr. Bu ugurda 2-3-nji orunlary şotland klublary “Reýnjers” bilen “Seltik” toparlary paýlaşýarlar. “Reýnjersiň” 55, şu möwsümde-de nobatdaky ýeňşine barýan “Seltik” toparynyň 54 çempionlygy bar. Ýagny “Seltik” ýene-de sanlyja günlerden esasy bäsdeşi bilen deňleşer. Urugwaýyň klublary – “Penýarol” 52 hem-de “Nasional” 49 çempionlyk bilen ilkinji 5-likdäki beýleki 2 topardyr.