Ýa­kyn­da «Türk­me­nis­ta­nyň 2026-njy ýyl üçin Döw­let býu­je­ti ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny ka­bul edil­di. Ýur­du­my­zyň gel­jek ýyl üçin baş ma­li­ýe res­mi­na­ma­sy ma­li­ýe­leş­dir­me­giň äh­li çeş­me­le­ri­niň ha­sa­by­na yk­dy­sa­dy­ýe­tiň ul­gam­la­ry­na düýp­li ma­ýa go­ýum­la­ry gö­nük­dir­mek ar­ka­ly, ka­bul edi­len Mil­li mak­sat­na­ma­lar­da­ky we­zi­pe­le­riň bel­le­nen möh­let­ler­de ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne, eziz Wa­ta­ny­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň dep­gin­li art­ma­gy­na we hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­niň has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na hyz­mat eder. Ge­çen ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, 2026-njy ýy­lyň esa­sy ma­li­ýe res­mi­na­ma­syn­da seriş­de­le­riň köp bö­le­gi dur­muş ul­ga­my­ny ma­li­ýe­leş­dir­mä­ge ni­ýet­le­nen­dir. Şeý­le­lik­de, ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni ýo­ka­ry öl­çeg­le­re ýe­tir­me­gi baş mak­sat edin­ýän Döw­let býu­je­ti­niň çyk­da­jy­la­ry­nyň ag­ram­ly bö­le­gi dur­muş ug­ru­na, şol san­da bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, me­de­ni­ýet, sport, dur­muş üp­jün­çi­li­gi, ýa­şa­ýyş jaý we je­ma­gat ho­ja­ly­gy ulgam­la­ry­na gö­nük­di­ri­ler. Ber­ka­rar döw­le­tiň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutanly­gyn­da äh­li pu­dak­lar­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän öz­gert­me­ler ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni dün­ýä ül­ňü­le­ri­ne la­ýyk ge­tir­mek mak­sa­dyn­dan ugur al­ýar.
Şu ýy­l­da ýur­dy­my­zyň döw­let hem-de jem­gy­ýet­çi­lik dur­mu­şy­nyň äh­li ugur­la­ryn­da düýp­li öz­gert­me­ler bo­lup geç­di. Bu gün­ki gün türk­men hal­ky şeý­le öz­gert­me­le­riň eş­ret­le­rin­den peý­da­la­nyp, Gahryman Arkadagymyzyň «Döw­let adam üçin­dir!» hem-de hormatly Prezidentimiziň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let di­ňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen şy­gar­lar­yndan yl­ham alyp, asu­da dur­muş­da bag­ty­ýar ýa­şa­ýar, ag­zy­bir zäh­met çek­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baştutan­ly­gyn­da adam ha­kyn­da ala­da il­kin­ji orun­da goý­lup, ýur­du­my­zyň bi­lim, sag­ly­gy go­ra­ýyş, dur­muş üp­jün­çi­li­gi ul­gam­la­ryn­da giň ge­rim­li öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Ila­tyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, yg­ty­bar­ly dur­muş go­rag­ly­ly­gy­ny ke­pil­len­dir­mek döw­le­ti­mi­ziň öňe sür­ýän ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň 2030-njy ýy­la çen­li dur­muş-yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň kes­git­le­nen ugur­la­ry­na la­ýyk­lyk­da, ra­ýat­la­ra gir­de­ji al­mak üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mek, ola­ryň esa­sy çeş­me­le­ri­ni ýo­kar­lan­dyr­mak we ila­tyň ýa­şa­ýyş de­re­je­si­ni dün­ýä stan­dart­la­ry­na ýe­tir­mek ba­ba­tyn­da tu­tum­ly çä­re­ler dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär.
Döw­le­tiň sy­ýa­sa­ty ýurt­da ma­ýyp­la­ry dur­muş taý­dan go­ra­mak­da, ola­ryň jem­gy­ýe­te uý­gun­laş­ma­gy üçin şert­le­ri dö­ret­mek­de ýar­dam ber­ýän mad­dy üp­jün­çi­li­gi­niň we hyz­mat et­mek­li­giň ze­rur de­re­je­si­ni ke­pil­len­dir­ýär.
Be­ýik Wa­tan­çy­lyk ur­şu­na gat­na­şy­jy­la­ra ýur­du­myz­da köp san­ly dur­muş ýe­ňil­lik­le­ri, mad­dy gol­daw­lar be­ril­ýär, sag­ly­gy go­ra­ýyş hyz­mat­la­ry­ny has-da go­wu­lan­dyr­mak bo­ýun­ça çä­re­ler ka­bul edil­ýär. Döw­let el­my­da­ma ila­tyň dur­muş taý­dan gol­da­mak­ly­ga mä­täç gat­lak­la­ry üçin be­ril­ýän kö­mek­le­riň gör­nüş­le­ri­ni we ge­ri­mi­ni gi­ňel­dip gel­ýär.
Döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň wa­jyp ugur­la­ry­nyň bi­ri dur­muş taý­dan üp­jün­çi­li­giň ul­ga­my­ny do­lan­dyr­ma­gy kä­mil­leş­dir­mek, ony ba­zar gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­ýän şert­le­ri­ne uý­gun­laş­dyr­mak bo­lup dur­ýar. Mu­ňa he­re­ket ed­ýän pen­si­ýa ul­ga­my­ny öz­gert­mek bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler my­sal bo­lup bi­ler.
Pen­si­ýa ul­ga­my­ny öz­gert­me­giň esa­sy mak­sa­dy döw­le­tiň, iş be­ri­ji­niň we iş­gär­le­riň ara­syn­da­ky jo­gap­kär­çi­li­gi paý­la­mak bi­len, dur­muş ba­bat­da ada­lat­ly pen­si­ýa üp­jün­çi­li­gi ul­ga­my­nyň ma­li­ýe dur­nuk­ly­ly­gy­ny we yk­dy­sa­dy ne­ti­je­li­li­gi­ni eme­le ge­tir­mekden ybaratdyr.
Ila­tyň hal-ýag­da­ýy­ny ýo­kar­lan­dyr­ma­ga zäh­met, zäh­me­ti go­ra­mak, iş bi­len üp­jün­çi­lik me­se­le­le­ri­niň oňyn çö­zül­me­gi hem uly tä­sir ed­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, ýur­du­myz­da bu ug­ra-da uly üns be­ril­ýär.
Ila­tyň pul gir­de­ji­le­ri ba­ba­tyn­da söz açy­lan­da, mu­nuň özi hök­ma­ny su­rat­da, he­re­ket ed­ýän eda­ra­lar­da, kär­ha­na­lar­da we gu­ra­ma­lar­da zäh­met ön­dü­ri­ji­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, tä­ze önüm­çi­lik kuw­wat­lyk­la­ry­ny dö­ret­mek, ne­ti­je­de, zäh­me­te ukyp­ly ila­ty iş bi­len üp­jün et­mek me­se­le­le­ri­ne sy­ryg­ýar. Bu şert­le­riň üp­jün edil­me­gi ýo­ka­ry dur­muş-yk­dy­sa­dy ne­ti­je­le­ri ga­zan­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
Jem­läp aýt­sak, Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ba­şy­ny baş­lan we Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň my­na­syp do­wam et­dir­ýän giň ge­rim­li iş­le­ri Dur­nuk­ly ösüş mak­sat­la­ry­ny üs­tün­lik­li ama­la aşyr­ma­ga ýar­dam ber­mek bi­len, ola­ryň oňyn ne­ti­je­le­ri dur­muş ul­ga­myn­da has-da äş­gär du­ýul­ýar. Tej­ri­be­den bel­li bol­şy ýa­ly, is­len­dik döw­le­tiň dur­muş taý­dan ösen de­re­je­si bir­nä­çe gör­ke­zi­ji­ler ar­ka­ly kes­git­le­nil­ýär. Gir­de­ji­le­ri art­dyr­mak, iş üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mek, gen­der deň­li­gi­ni ga­zan­mak, ýo­ka­ry hil­li bi­li­miň el­ýe­ter­li­li­gi, azyk howp­suz­ly­gy­ny üp­jün et­mek, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ýa­ly be­lent mak­sat­la­ry öz içi­ne al­ýan iş­ler ýur­du­myz­da gu­wan­dy­ry­jy ne­ti­je­le­ri ber­ýär.
Ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­le­riň, mil­li mak­sat­na­ma­la­ryň hem-de ägirt uly tas­la­ma­la­ryň äh­li­si­niň öze­nin­de döw­le­ti­mi­ziň we jem­gy­ýe­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy bo­lan adam hak­da­ky ala­da dur.
Hal­ky­my­zyň bag­ty­ýar, eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy üçin äh­li şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç bol­sun!

Ymamguly Rejepow,
Türkmenistanyň Prezindentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistranty, Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy,
Döwletmyrat Muhammedow,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.