21-nji ýanwarda paýtagtymyzdaky “Ýyldyz” myhmanhanasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasynyň (SPECA) hepdeliginiň çäklerinde ykdysady forum öz işine başlady. Foruma gatnaşyjylaryň hatarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Azerbaýjanyň, Hindistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, Ýewropa Bileleşiginiň, Bütindünýä bankynyň we beýleki düzümleriň ýolbaşçylarydyr wekilleri bar.

Açylyş dabarasynyň başynda hormatly Prezidentimiziň SPECA hepdeliginiň çäklerinde geçirilýän ykdysady foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda Bitarap Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň belleniljek ýylynda geçirilýän ykdysady forumyň Türkmenistanyň SPECA agza beýleki döwletler bilen bilelikde sebitde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen maksatlara ýetmek ugrunda yzygiderli tagallalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine ýardam etjekdigi bellenilýär.
Soňra forumyň plenar mejlisi geçirildi. Utgaşykly görnüşde geçirilen mejlisde çykyş edenler Türkmenistanyň SPECA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň strategik ähmiýetini nygtadylar. Häzirki zaman şertlerinde bu maksatnama Merkezi Aziýa sebitini Ýewraziýa yklymynda iň çalt ösýän ulag-logistika we energetika merkezleriniň birine öwürmäge ýardam berip, durnukly ösüşiň möhüm şerti bolup durýar. Çykyş edenler Türkmenistanyň alyp barýan ulag diplomatiýasynyň möhüm ähmiýetini bellediler. Multimodal ulag geçelgeleriniň döredilmegi, üstaşyr geçirmek amallarynyň ýeňilleşdirilmegi diňe bir sebitiň döwletleriniň däl, eýsem, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň hem bähbitlerine laýyk gelýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Bütindünýä durnukly ulag gününiň döredilmegi bu ugurdaky tagallalaryň ählumumy derejede ykrar edilmeginiň subutnamasy boldy.
SPECA sebitinde bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagy, hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň ösdürilmegi, maýa goýumlaryň çekilmegi we innowasion işjeňligiň höweslendirilmegi ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri giňeltmäge ýardam berer. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda sanly geçiş we innowasion ösüş meselelerine aýratyn orun berildi. Mejlise gatnaşyjylar gümrük, söwda amallaryna BMG-niň öňdebaryjy standartlaryny ornaşdyrmagyň zerurdygyny nygtadylar. Maglumat alyşmalarynyň sanlylaşdyrylmagy ýük daşamalaryň netijeliligini ýokarlandyrmakda esasy şertleriň biri bolup durýar.
Maýa goýum meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň çäklerinde mejlise gatnaşyjylar SPECA-nyň köphyzmatdaşly gaznasyny döretmegiň ähmiýetini bellediler. Türkmen tarapynyň öňe sürýän bu mehanizmi serhetüsti başlangyçlary maliýe taýdan üpjün etmek üçin wajyp gural bolar. Bu gazna “ýaşyl” ykdysadyýet, energetika, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ulgamlarynda taslamalary durmuşa geçirmek üçin serişdeleri üpjün etmäge ýardam berer. Ekologik durnuklylyk, tebigy serişdelerden netijeli peýdalanmak meselelerine hem üns berildi. Halkara guramalaryň wekilleri SPECA-nyň formatyndaky ykdysady integrasiýanyň daşky gurşawy goramak, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça çäreler bilen utgaşykly bolmalydygyny nygtadylar. Mejlise gatnaşyjylar ykdysady ösüşiň inklýuziw häsiýete eýe bolmalydygyna ünsi çekdiler. Gaz we elektrik geçirijiler ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň bilelikde durmuşa geçirilmegi SPECA sebitinde uzak möhletli parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we abadançylygyň kepili bolup hyzmat edýär.
Soňra forum öz işini «Hazar sebitinde we onuň çäklerinden daşarda energetika özara baglanyşygy» atly mowzuklaýyn mejlis bilen dowam etdi. Çykyşlarda ählumumy energetika howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm halkasy hökmünde Merkezi Aziýa sebitiniň eýeleýän ornuna üns çekildi. Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda mejlise gatnaşyjylar eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmagyň we köpşahaly infrastrukturany döretmegiň zerurdygyny nygtadylar. Sebitiň energetika özara baglanyşygy diňe bir energiýa serişdelerini iberiji ýurtlar üçin däl, eýsem, üstaşyr geçiriji we sarp ediji döwletler üçin hem durnuklylygyň kepili bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ygtybarly halkara energetika infrastrukturasyny döretmek boýunça başlangyçlarynyň ähmiýeti bellenildi.
«Ýewraziýa ulag baglanyşyklarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin özara ulag baglanyşygy» atly mejlisde multimodal ulag geçelgelerini amatlylaşdyrmagyň zerurdygyna üns çekildi. Mejlise gatnaşyjylaryň umumy pikirine görä, milli ulag ulgamlarynyň SPECA-nyň bitewi ulgamyna birleşdirilmegi üstaşyr ýük akymlarynyň möçberini ep-esli artdyrmaga mümkinçilik berer.
Soňra forum «Durnukly ösüş üçin strategik garaýyş» atly mejlis bilen dowam etdi. Mejlisiň çäklerinde BMG-niň durnukly ösüş ulgamynda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmegiň integrirlenen çemeleşmelerini işläp taýýarlamak meselelerine üns berildi. Bellenilişi ýaly, söwda ulgamy ykdysady ösüşiň, integrasion prosesleriň hereketlendiriji güýji bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmagyň esasy şertleriniň biri bolup çykyş edýär. Durnukly söwda ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak babatda sebit hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, ulag-logistika baglanyşygyny ösdürmäge, milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär.
BMG-niň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin Ýörite maksatnamasy 1998-nji ýylda esaslandyrylyp, sebitiň ýurtlarynyň ykdysadyýetlerini ösdürmäge, olaryň dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulyşmagyna ýardam bermäge gönükdirilen mehanizmdir. Bu platforma BMG-niň iki iri komissiýasynyň — Ýewropa ykdysady komissiýasynyň hem-de Aziýa we Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we Durmuş komissiýasynyň howandarlygynda ýedi ýurdy, şol sanda Azerbaýjany, Owganystany we Merkezi Aziýa ýurtlaryny birleşdirýär.
Forum 23-nji ýanwarda gün öz işini tamamlar.