Tehnologiýanyň ösmegi bilen energiýany has netijeli ulanýan usullar işlenip taýýarlanýar. Köp ýerde Günden we ýelden elektrik energiýasyny öndürýän uly beketler hereket edýär. Şeýle-de bolsa, olaryň netijeliligini artdyrmak üçin işler edilýär. Bu tehnologiýalaryň hemmeler üçin elýeterli we arzan bolmagy üçin taslamalar durmuşa geçirilýär. Täze taýýarlanan tehnologiýa bolsa dury aýnadan elektrik energiýasyny öndürmäge mümkinçilik berýär. Üstesine-de, bu panel adaty Gün panellerinden has netijeli bolmagy bilen tapawutlanýar. Şeýlelikde, bu paneli penjirä hem oturdyp bolar. Bu usuly Şweýsariýanyň Luzanna Politehniki uniwersitetiniň hünärmenleri işläp taýýarladylar. Bu panel islendik ýerde energiýa öndürmäge mümkinçilik berer. Bu panelleriň çeýe görnüşleriniň hem öndürilip bilinjekdigi mälim edildi.
Bilermenler geljekde şeýle panelleriň adaty binalar ýa-da ýyladyşhana ýaly desgalarda ulanylyp, olar üçin gereginden artykmaç energiýany öndürip biljekdigini belleýärler.
Kemal Kowşakow, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby
PDF









