Bi­lim ul­ga­my­nyň işi­ni hal­ka­ra ül­ňü­le­re la­ýyk ge­tir­mek­de üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän düýp­li tu­tum­lar ýaş nes­liň döw­re­bap bi­lim we ter­bi­ýe al­ma­gy­na, saý­lap alan hü­när­le­ri ba­bat­da bi­lim­le­ri­ni art­dyr­ma­gy­na, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly adam­lar bo­lup ýe­tiş­me­gi­ne ýar­dam ed­ýär. Mu­nuň özi mil­li bi­lim ul­ga­myn­da yzy­gi­der­li al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­ler­de baş mak­sat­la­ryň bi­ri­dir. Şeý­le asyl­ly mak­sat­la­ryň ro­waç­lyk­la­ra bes­len­me­gin­de ki­ta­byň hem äh­mi­ýe­ti ulu­dyr. Ýur­du­myz­da elekt­ron ki­tap­ha­na­la­ry­nyň kö­pel­me­gi, olar­da­ky ede­bi­ýat­la­ryň hem-de mag­lu­mat­la­ryň baý­laş­ma­gy, in­ter­net ar­ka­ly hal­ka­ra ki­tap­ha­na ul­ga­my­na bi­rik­mek bu ugur­da müm­kin­çi­lik­le­ri art­dyr­dy. Yl­myň dür­li pu­dak­la­ryn­da iş­le­ýän türk­men alym­la­ry­na, hü­när­men­le­re ge­rek bo­lan ki­tap­la­ryň dün­ýä döw­let­le­rin­den alyn­ma­gy, bu ugur­da­ky döw­re­bap iş­le­riň aý­dyň ne­ti­je­le­ri­dir.
San­ly bi­lim ul­ga­myn­dan, elekt­ron ki­tap­ha­na­lar­dan peý­da­lan­ýan­la­ryň sa­ny­nyň kö­pel­me­gi bi­len ola­ryň äh­mi­ýe­ti hem art­ýar. Bi­li­miň äh­li de­re­je­le­ri üçin ze­rur bo­lan mag­lu­mat­lar go­ru­nyň dö­re­dil­me­gi, ola­ryň ýö­ri­te tor ar­ka­ly üp­jün edil­me­gi üçin ne­ti­je­li iş­ler dur­mu­şa or­naş­dy­ryl­ýar. Şo­ňa bag­ly­lyk­da, ýur­du­myzyň okuw mek­dep­le­ri­niň ki­tap­ha­na­la­ryn­da san­ly ul­ga­ma geç­mek iş­le­ri bar­ha giň ge­ri­me eýe bol­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň Bi­lim mi­nistr­li­gi­niň In­no­wa­si­ýa mag­lu­mat mer­ke­zi ta­ra­pyn­dan taý­ýar­la­nan ki­tap­ha­na.edu.tm web saý­tyn­da umu­my bi­lim ber­ýän mek­dep­ler üçin äh­li okuw ki­tap­la­ryň elekt­ron gör­nü­şi el­ýe­ter­li edil­di. Gel­jek­de bu elekt­ron ki­tap­ha­na äh­li okyjylar üçin peý­da­ly ki­tap­la­ryň we ne­şir­le­riň on­laýn plat­for­ma­sy hök­mün­de giň­den ula­ny­lar. Bu ugur­da mer­ke­ziň iş­gär­le­ri ta­gal­la ed­ýär­ler.
Teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň şeý­le tiz ös­ýän döw­rün­de elekt­ron ki­tap­ha­na­lar mag­lu­mat sak­la­ma­gyň yg­ty­bar­ly­ly­gy­ny art­dyr­dy. Elekt­ron ki­tap­ha­na­lar mag­lu­mat­la­ry, ede­bi­ýat­la­ry sak­laý­jy we ha­bar be­riş ul­ga­my bo­lup, ol mag­lu­mat­la­ryň üp­jün­çi­li­gi­ni dö­ret­mä­ge hem-de gi­ňelt­mä­ge ni­ýet­le­ni­len­dir. Şeý­le hem bu ul­gam ge­rek bo­lan mag­lu­ma­tyň göz­le­gi­ni gys­ga wagt­da ama­la aşyr­ma­ga, in­ter­net ul­ga­myn­dan peý­da­lan­ma­ga şert dö­red­ýär. Elekt­ron ki­tap­ha­na­lar ki­tap­ha­na işin­de ga­bat gel­ýän: ne­şir­le­riň az muk­dar­da çap edi­lme­gi, mag­lu­mat­la­ry sak­lar ýa­ly meý­da­nyň ýet­mez­çi­li­gi, ki­tap­la­ryň aýaw­ly sak­la­n­ma­gy ýa­ly me­se­le­le­ri hem aradan aýyrýar. Bu­lar­dan baş­ga-da, ýi­ten, za­ýa­la­nan ki­tap­la­ry, res­mi­na­ma­la­ry tä­ze­den di­kelt­mek müm­kin­çi­lik­le­ri­ni dö­red­ýär.
Wa­ta­ny­na, il-gü­nü­ne we­pa­ly, giň dün­ýä­ga­ra­ýyş­ly, ylym­ly-bi­lim­li, hä­zir­ki za­man teh­no­lo­gi­ýa­la­ryn­dan baş çy­kar­ýan nes­li ke­ma­la ge­tir­mek mu­gal­lym­la­ryň esa­sy bor­jy bo­lup dur­ýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dö­re­dip ber­ýän müm­kin­çi­lik­le­rin­den peý­da­la­nyp, gel­jek­de-de bu bor­ja ab­raý bi­len höt­de gel­mek üçin ta­gal­la­my­zy gaý­gyr­ma­rys.

Toý­ly Ora­zow,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.