Dünýäniň iň baý adamlarynyň soňky “Hurun Global Rich List” reýtingine laýyklykda, gazna bazarynyň ösmegi we emeli aňyň kämilleşmegi dünýäde rekord derejede milliarderleriň sanynyň artmagyna getirdi. Hytaýda dünýäniň beýleki ýerlerine garanyňda has köp milliarder ýaşaýar.
“Hurun Group” tarapyndan çap edilen hasabata görä, Hytaý ABŞ-dan öňe geçip, dünýäde milliarderleriň sany boýunça ýene-de liderligi eýeledi. Öňki hasabat çap edilenden bäri, Hytaýdaky milliarderleriň sany 287 adam artdy we bu görkeziji soňky üç ýyldaky ýitgileriň öwezini artygy bilen doldurdy diýip, “South China Morning Post” ýazýar.
Emeli aň ulgamy hytaýly iki täze milliarderiň kemala gelmegine itergi berdi: olar 3,6 milliard dollar baýlygy bolan «MiniMax» kompaniýasynyň esaslandyryjysy Ýan Sýunsze hem-de köplenç «Zhipu» ady bilen tanalýan «Knowledge Atlas Technology JSC» kompaniýasyndan 1,2 milliard dollar baýlygy bolan Lýu Debindir.
Ilon Mask 792 milliard dollar, “Amazon”-dan Jeff Bezos 300 milliard dollar we “Alphabet”-den Larri Peýj 281 milliard dollar baýlygy bilen sanawda ilkinji üç orny eýelediler. Şunlukda, Mask baýlygy 700 milliard dollardan geçen ilkinji adam boldy.
ABŞ 1000 milliarder bilen ikinji orny eýeledi (bir ýyl öňkiden 130 adam köp). Üçünji ýerde 308 milliarder bilen Hindistan durýar (bir ýyl öňkiden 24 adam köp). Germaniýa 171 milliarder bilen Beýik Britaniýadan öňe geçip, dördünji orna çykdy.
Global derejede 114 milliarder emeli aň bilen meşgullanýan kompaniýalarda işleýän adamlardyr, olaryň 46-sy bu kategoriýa ilkinji gezek goşuldy. Bu bolsa emeli aňy täze milliarderleriň iň uly çeşmesine öwürýär.
Şäherleriň reýtinginde Nýu-Ýork 146 milliarder bilen heniz hem dünýäniň milliarderler paýtagty bolmagynda galýar. Şençžen milliarderleriniň sanyny 47 adam artdyryp, 132-ä ýetirdi we ikinji orna galdy. Olaryň yzyndan Şanhaý, Pekin we London gelýär.
Milliarderleriň ortaça ýaşy 65 boldy.