Dürli görnüşli öý hojalyk tehnikalaryny hem-de beýleki elektron enjamlary öndürýän «Xiaomi» kompaniýasy elektroulag önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär. Kompaniýanyň ýolbaşçylarynyň köp wagtdan bäri şeýle maksady bar. Häzirki wagtda hytaý brendi skuterleri we iki tigirli beýleki ulaglary hem öndürýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Leý Szýun ýakyn geljekde awtoulag bazarynda elektroulaglaryň sanynyň artjakdygyny nazarda tutup, bu bazardam paý almak isleýändiklerini aýdýar. Kompaniýa elektroulag önümçiliginde hem öňdeligi eýelemek isleýär. Ilkinji «Xiaomi» elektroulaglaryň 2024-nji ýylda müşderilere ýetirilmegine garaşylýar. Munuň üçin kompaniýanyň awtoulag senagatynda iş alyp barýan beýleki şereketler bilen hyzmatdaşlyk etmegine garaşylýar.
Azymmuhammet Kerimow, Türkmenistanyñ telekommunikasiýalar we informatika institutynyň talyby
PDF









