Geçen ýyl dünýäde elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglaryň satuwynyň 31 göterim artandygy mälim edildi. Energiýanyň täze çeşmesi bilen işleýän ulag satuwy ABŞ-da we Kanadada 50 göterim, Ýewropada 27 göterim, Hytaýda 15 göterim köpelipdir. Bu görkezijiniň 2022-nji ýyldaky 60 göterimlik ösüşden pes hem bolsa, bilermenler bu görkezijiniň adaty zatdygyny belleýärler. “Rho Motion” atly maglumat kompaniýasynyň ýolbaşçysy Çarles Lester ösüş tizliginiň haýýallaýandygyny, emma munuň ösüp bazar bazar üçin adaty bolmaly zatdygyna ünsi çekip, satuwyň her ýylda iki esse ösüp bilmejekdigini belleýär.
Lester geçen ýyl elektroulag satuwynyň çaklanylyşy ýaly bolandygyny, 2024-nji ýylda global satuwyň 25-30 göterim aralygynda bolmagyna garaşylýandygyny aýtdy. Geçen ýylyň soňky aýynda dünýäde rekord derejede – 1,5 million elektroulag satylypdyr. Geçen ýyl gibrid we elektrik energiýasy bilen işleýän jemi 13,6 million ulag satylyp, olaryň 9,5 millionuny dolulygyna elektrik energiýasy bilen işleýän ulaglar emele getiripdir. Awtoulag öndüriji kompaniýalar köp ýyldan bäri ösen ýurtlarda elektroulaglara berilýän ýeňillikleriň azalmagynyň satuwa täsir edip biljekdigini belleýärler.

Parahat Öwezow, Türkmen döwlet mäliýe institutynyň talyby.