Hytaýda täze energiýaly ulag (NEV) diýlip atlandyrylýan batareýaly we gibrid ulaglaryň satuwy şu ýylyň ilkinji 10 aýynda geçen ýylyň degişli döwründäkiden 107,5 göterime golaý artypdyr. Ýurduň awtoulag bileleşiginiň maglumatlaryna görä, ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda 4,43 million elektroulag bölek satuw arkaly satylypdyr. Ýylyň ahyryna çenli jemi 6,5 million elektroulagyň satylmagyna garaşylýar. Geçen aý ýurtda 1,84 million awtoulag satylyp, olaryň 556 müňüsini elektroulag emele getiripdir. Şeýlelikde, umumy satuw geçen ýylyň oktýabr aýyna görä, 7,3 göterim, elektroulag satuwy 75,2 göterim ýokarlanypdyr. Hytaýyň BYD kompaniýasy 217 müň 518, «Tesla» 71 müň 704 elektroulag satyp, öňdäki orunlary eýeläpdir.
Ýazgeldi GULOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby
PDF









