Dür­li elekt­ron en­jam­la­ry we aw­tou­lag şaý­la­ry­ny ön­dür­ýän «Foxconn» kom­pa­ni­ýa­sy «FoxBrain» at­ly eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny ta­nyş­dyr­dy. Bu teh­no­lo­gi­ýa­nyň çip önüm­çi­li­gi bi­len ta­nal­ýan «Nvidia»-nyň gol­da­wy bi­len dört hep­dä­niň do­wa­myn­da taý­ýar­la­nan­dy­gy mä­lim edil­di.
Önüm­çi­li­giň dür­li ugur­la­ryn­da iş alyp bar­ýan kom­pa­ni­ýa bu teh­no­lo­gi­ýa ar­ka­ly üp­jün­çi­lik zyn­jy­ry­ny üýt­ge­der. Il­ki­baş­da kom­pa­ni­ýa­nyň öz için­de ula­nyl­jak «FoxBrain» mag­lu­mat­la­ryň sel­je­ril­me­gi, ma­te­ma­tik amal­la­ryň ha­sap­lan­ma­gy, kod ýa­zyl­ma­gy ýa­ly bir­nä­çe ugur­da ula­ny­lar. «Foxconn» hyz­mat­daş­la­ry bi­len bi­le­lik­de eme­li aň teh­no­lo­gi­ýa­sy­ny önüm­çi­lik, üp­jün­çi­lik zyn­jy­ry ýa­ly has giň ugur­da ýaý­baň­lan­dyr­ma­gy mak­sat edin­ýär.

Gur­ban BE­GA­LY­ÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň mugallymy.