Häzirki zaman saýawanlary suw geçirmeýän teflon matadan öndürilýär.
Saýawan önümçiliginde Hytaý öňdeligi eýeleýär. Bu ýurtda saýawan öndürýän 500 töweregi uly kärhana bolup, her ýyl 560 million saýawan eksport edilýär.
Polat lentaly saýawanlar 1852-nji ýylda Samuel Foks tarapyndan oýlanyp tapylýar.
1965-nji ýylda Kennet Harz itler we pişikler üçin saýawan oýlap tapýar.
Ilkinji açylyp-ýapylýan saýawan 1969-njy ýylda Bredford Filips tarapyndan işlenip düzülýär.
2011-nji ýylda ekologiýa taýdan arassa saýawan ýasaldy. «Ýaşyl» saýawan ösümlik materiallaryndan, şeýle hem gaýtadan işlenen «Coca-Cola» çüýşelerinden öndürildi.
2016-njy ýylda öýjükli telefonyň «Bluetooth»-yna birikdirilýän «akylly» saýawan işlenip düzüldi. Bu saýawan eýesine howa maglumaty barada SMS edýär.
2018-nji ýylda Ýaponiýada uçýan saýawan işlenip düzüldi. Bu saýawan utgaşykly hereket edip, eýesini ýagyşdan goraýar.