Parižiň baş nyşany bolan Eýfel diňiniň asyl nusgawy merdiwanynyň bir bölegi Fransiýanyň «Artcurial» auksion öýünde geçirilen söwdalarda 450 müň ýewro satyldy. Beýikligi 2,75 metre barabar bolan we 14 sany aýlawly basgançakdan ybarat bolan bu taryhy bölek desganyň ikinji we üçünji gatlarynyň aralygyny birikdiripdir. Bu desga 1889-njy ýylda açylan pursadyndan bäri hyzmat edip, 1983-nji ýylda köne lift ulgamlaryny has döwrebap täze liftler bilen çalyşmak we abatlaýyş işlerini geçirmek netijesinde sökülip aýrylypdyr hem-de jemi 24 bölege bölünipdir.
Bilermenleriň bellemegine görä, sökülen bölekleriň agramly bölegi dünýäniň dürli künjeklerine, şol sanda ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherindäki Azatlyk heýkeliniň ýanynda, Ýaponiýanyň Ýamanaşi prefekturasyndaky «Ýoişii» gaznasynyň baglarynda hem-de «Disneýlend» seýilgähinde ýerleşdirilipdir. Fransiýada bolsa bu bölekleriň diňe birnäçesi saklanyp galypdyr. Häzirki wagtda satylan fragment soňky 40 ýylyň dowamynda hususy kolleksiýada saklanyp, onuň auksiona çykarylmagy sungat äleminde uly waka öwrüldi. Söwdalaryň başynda oňa 120-150 müň ýewro aralygynda baha goýlan hem bolsa, bäsleşik wagtynda durnukly gymmatlyk hasaplanýan eksponatyň bahasy birnäçe esse ýokarlanyp, özbaşdak rekord goýmagy başardy.
PDF









