Şu gün agşam – 18-nji awgustda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň Belarusa we Ermenistana sapary başlanýar. Bu barada Eýranyň IRNA habarlar agentligi habar berýär.
“Pezeşkian 18-nji awgustda iki günlük sapar bilen Ermenistana we Belarusa barar. Saparyň esasy maksady iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary, esasan hem, söwda pudagynda gatnaşyklary berkitmek we resminamalara gol çekmekden ybarat” diýlip, Prezidentiň geňeşçisi Mehdi Sanainiň jemgyýetçilik tory arkaly ýaýradan beýanatynda aýdylýar.
Bu iki saparyň iýul aýynyň başynda meýilleşdirilendigi, ýöne käbir sebäplere görä, yza süýşürilendigi habar berilýär.