Türkiýäniň “Fenerbahçe” topary Kerem Aktürkoglundan soň “Mançester Sitiniň” braziliýaly derwezeçisi Edersony 13 million ýewro transfer edip, onuň bilen 3+1 ýyllyk şertnama baglaşdy. 32 ýaşyndaky derwezeçi türk toparyndan ýyllyk 11 million ýewro hak alar. “Fenerbahçe” topary PSŽ-den ispaniýaly winger Marko Asensiony 8,5 million ýewro transfer etdi. 29 ýaşyndaky oýunçy stambullylar bilen 3+1 ýyllyk ylalaşyk gazandy.