Şu ýylyň tomsunda ABŞ-da täze formatda giňeldilen görnüşde geçiriljek FIFA Klublar Dünýä Kubogynyň umumy baýrak gaznasy mälim edildi. FIFA tarapyndan berlen maglumatda toparlara umumylykda 1 milliard dollar pul baýragy paýlanar. Metbugatda çykan habarlara görä, 32 klubuň hersine ýaryşa gatnaşýandygy üçin 35 million dollar, toparçadaky ähli duşuşykda ýeňiş gazanan toparlara goşmaça ýene-de 6 million dollar berler. 1/8 finala çykanlar 7 million, çärýek finalçylar 12 million, ýarym finalçylar 20 million dollar alarlar. Finala çykan toparlardan ýeňiş gazanany 37 million dollar pul baýragyny alsa, finalda utulan topar 28 million dollar bilen oňňut etmeli bolar. Umumylykda, çempionlyk gazanan toparyň iň köp 145 million dollar gazanyp biljekdigi habarda bellenilýär.

14-nji iýun – 13-nji iýul aralygynda ABŞ-da geçiriljek bu ýaryşdan FIFA-nyň 2 milliard dollar girdeji gazanmagyna garaşylýar.