Ýurdumyzyň fotohabarçylary «News Photo Awards. A Changing World» halkara bäsleşigine çagyrylýar.

Russiýanyň ТАSS habarlar agentliginiň guraýan bäsleşigine KHBS bilen hyzmatdaşlyk edýän tejribeli fotohabarçylar gatnaşyp bilerler. Bu gezek onuň guramaçylary bäsleşige gatnaşjaklara öz işlerinde dünýädäki özgertmeleri görkezmegi teklip etdiler. Fotohabarçylar iň wajyp we gyzykly wakalary ilkinji bolup suratlarynda görkezýärler we geljekki nesil üçin häzirki pursady saklap galýarlar.

Dünýäniň esasy agentlikleriniň we KHBS-niň wekillerinden düzülen ygtyýarly emin agzalary ýeňijileri dört ugur – täzelikler (News), adamlar we durmuş ýörelgeleri (People & Lifestyle), saglygy goraýyş (Нealthcare) we daşky gurşaw (Environment) ugurlary boýunça kesgitlärler.

Her ugurdan iki ýeňiji – «Iň gowy surat» we « Iň gowy fotosuratlar sessiýasy» üçin aýan ediler. Baş baýrak iberilen işlerden bäsleşigiň tematikasyny has şowly açan iň gowy surata berler.

«News Photo Awards» bäsleşiginiň netijesi 2022-nji ýylyň martynda yglan ediler. Oňa gatnaşmaga ýüz tutmalar 2021-nji ýylyň 24-nji dekabryna çenli bäsleşigiň saýtynda kabul edilýär.

«News Photo Awards» ilkinji bäsleşigi geçirmek pikirini Russiýanyň daşary işler ministri S.Lawrow 2020-nji ýylyň aprelinde ТАSS habarlar agentligine beren interwýusynda teklip edipdi. Şol döwür koronawirus pandemiýasyny ýeňip geçmek – «Overcoming COVID-19» bäsleşiginiň baş mowzugy bolupdy. Bäsleşik dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döretdi – oňa 84 ýurtdan 4 müňden gowrak ýokary hilli surat ugradyldy. Bu döredijilik bäsleşigi fotohabarçylaryň işiniň wajyplygyny görmäge, agyr şertlere käre ussatlygyna we kyn ýagdaýlardaky edermenligine baha bermäge mümkinçilik berdi.

«News Photo Awards. Overcoming COVID-19» bäsleşiginiň ýeňijileriniň işleri soňra Russiýada geçirilen iri işewürlik we sergi çärelerinde görkezilipdi.