Iňlisleriň meşhur “FourFourTwo” atly futbol žurnaly häzirki wagtda iň ökde tälimçileriň sanawyny mälim etdi. Britan neşiri bu sanawyň hünärmenler tarapyndan saýlanandygyny habar berip (50 hünärmen), 1-nji orny taryhynda ilkinji gezek Çempionlar Ligasynyň çempionlygyny gazanan PSŽ-niň tälimçisi Luis Enrike eýeleýär. Ilkinji möwsüminde “Liwerpuly” çempion eden Arne Slot 2-nji, Saud Arabystanynyň “Al Hilal” topary bilen şertnama baglaşan “Interiň” ozalky tälimçisi Simone Inzagi 3-nji orunda barýar. Pep Guardiolanyň 4-nji bolan sanawynda Hans-Diter Flik 5-nji, “Real Madridiň” täze tälimçisi Habi Alonso 6-njy orny eýeleýär.
- Luis Enrike (PSŽ)
- Arne Slot («Liwerpul»)
- Simone Inzagi («Inter» / «Al Hilal»)
- Pep Guardiola («Mançester Siti»)
- Hans-Diter Flik («Barselona»)
- Habi Alonso («Baýer» / «Real Madrid»)
- Mikel Arteta («Arsenal»)
- Antonio Konte («Napoli»)
- Unai Emeri («Aston Willa»)
- Karlo Ançelotti («Real Madrid» / Braziliýanyň ýygyndysy)
- Eddi Hau («Nýukasl»)
- Diego Simeone («Atletiko»)
- Jan Piero Gasperini («Atalanta» / «Roma»)
- Andoni Iraola («Bornmut»)
- Tomas Frank («Brentford» / «Tottenham»)
- Lionel Skaloni (Argentinanyň ýygyndysy)
- Nunu Eşpiritu Santu («Nottingam Forest»)
- Ýulian Nagelsmann (Germaniýanyň ýygyndysy)
- Oliwer Glasner («Kristal Palas»)
- Wensan Kompani («Bawariýa»)
- Sesk Fabregas («Komo»)
- Ernesto Walwerde («Atletik Bilbao»)
- Klaudio Ranieri («Roma»)
- Didie Deşam (Fransiýanyň ýygyndysy)
- Marko Silwa («Fulham»)
- Tomas Tuhel (Angliýanyň ýygyndysy)
- Dino Topmöller («Aýntraht»)
- Luis de la Fuente (Ispaniýanyň ýygyndysy)
- Winçenzo Montella («Bolonýa»)
- Roberto De Zerbi («Marsel»)
- Rafaele Palladino («Fiorentinanyň» ozalky tälimçisi)
- Karlos Korberan (Walensiýa»)
- Bo Henriksen («Maýns»)
- Seržio Konseýsau («Milanyň» ozalky tälimçisi)
- Klaudio Hiraldes («Selta Wigo»)
- Liam Rosenior («Strasbur»)
- Ýulian Şuster («Fraýburg»)
- Kristof Pelissie («Oser»)
- Inýigo Peres («Raýo Wallekano»)
- Erik Roý («Brest»)
- Ole Werner («Werder)
- Aleksandre Duže («Anže»)
- Fabian Hurzeler («Braýton»)
- Ýagoba Arrasete («Malýorka»)
- Frank Haise («Nissa»)
- Will Still («Lans»)
- Wisente Moreno («Osasuna»)
- Karles Martines Nowell («Tuluza»)
- Eduardo Kude («Alawes»)
- Dewid Moýes («West Ham»)