G7 sammiti: parahatçylyk we durnukly ösüş

6

15-17-nji iýun aralygynda Fransiýanyň Ewian-le-Ben şäherinde dünýäniň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň we hyzmatdaş döwletleriň liderleriniň gatnaşmagynda G7 toparynyň nobatdaky ýokary derejeli duşuşygy geçirildi. Üç günüň dowamynda bolup geçen bu halkara forumyň barşynda häzirki zamanyň iň wajyp meseleleri, şol sanda sebitara durnuklylygy üpjün etmek, Ýakyn Gündogarda parahatçylygy berkitmek we ykdysady ösüşiň täze gurallaryny kemala getirmek baradaky meseleler giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň we halkara ekspertleriň bellemegine görä, bu gezekki sammit özara düşünişmek we ählumumy bähbitleriň gurallaryny gözlemek ýörelgeleri esasynda geçip, taraplaryň dünýäniň durnukly ösüşine goşant goşmaga taýýardyklaryny görkezdi. Ýokary derejeli duşuşygyň netijeleri boýunça sebitleriň ykdysady we durmuş taýdan ösüşini, şeýle-de howpsuzlygy üpjün etmegi göz öňünde tutýan jemi dokuz sany bilelikdäki resminama kabul edildi.
Sammitiň barşynda dünýä ykdysadyýetiniň durnuklylygyny saklamak we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine aýratyn üns berildi. Liderler dünýäniň söwda-ykdysady gatnaşyklarynda durnuklylygy we deňagramlylygy saklamagyň, hususan-da, ösen döwletleriň içerki sarp ediş we önümçilik mümkinçiliklerini höweslendirmek arkaly ählumumy ykdysady ösüşi üpjün etmegiň zerurdygyny nygtadylar. Şeýle-de, häzirki döwrüň möhüm ugurlarynyň biri bolan sanlylaşdyrmak we emeli aň ulgamlaryny ornaşdyrmak meseleleri hem üns merkezinde boldy. Şunda dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ýörite maslahat geçirilip, täze tehnologiýalaryň bähbitli taraplaryny peýdalanmak bilen bir hatarda, sanly ulgamda ýaş nesilleriň onlaýn howpsuzlygyny gorap saklamagyň hukuk we guramaçylyk esaslary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mundan başga-da, ýokary derejeli duşuşygyň çäginde sebit we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak barada anyk teklipler öňe sürüldi. Duşuşygyň dowamynda dünýä liderleriniň wekiliýet agzalary bilen geçiren özara duşuşyklary we resmi däl söhbetdeşlikleri hem özara ynanyşmak ýagdaýynyň barha berkeýändigini subut etdi. Ýokary derejede guralan bu sammitiň barşynda gazanylan ylalaşyklar halkara bileleşiginiň parahatçylykly, durnukly we dostlukly gatnaşyklary ösdürmek baradaky tagallalarynyň has-da dabaralanmagyna ýardam eder.