Hormatly Prezidentimiz galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

5

17-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy hem-de welaýatda dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy.

Ir bilen hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanyna geldi. Bu ýerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzy ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynyň degişli ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň häkimi mähirli garşyladylar.
Şu ýylyň hasyly üçin Ahal welaýatynyň ekerançylyk meýdanlaryna bugdaýyň bol hasyl berýän görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda welaýatyň babadaýhanlary hormatly Prezidentimiziň tagallalaryndan ruhlanyp, galla oragy möwsümini üstünlikli tamamlamak üçin yhlasly zähmet çekýärler. Möwsümde häzirki zaman bugdaý orujy kombaýnlar netijeli ulanylýar. Tehnikalar gije-gündizleýin tertipde işledilip, ekerançylara ýetişdirilen bol hasyly çalt we ýitgisiz ýygnamaga ýardam berýär.
Soňra hormatly Prezidentimiz «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi D.Muhammetsähedowa degişli bolan bugdaý meýdanyna bardy. Bu ýerde kärendeçi döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Şa gadamynyň düşmeginiň welaýatyň ýaşaýjylary, gallaçy kärendeçileri üçin buýsançly wakadygyny belledi. Ol häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň oba hojalyk pudagyna berýän yzygiderli goldawlary netijesinde gallaçy babadaýhanlaryň ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirýändiklerini aýdyp, döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi.
Soňra kärendeçi ýetişdiren bugdaý hasylynyň oragyna başlamaga ak pata bermegini döwlet Baştutanymyzdan uly hormat bilen haýyş etdi.
Hormatly Prezidentimiz kärendeçiniň haýyşy boýunça “bismilla” diýip, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaýyň bir dessesini ordy we galla oragyna ak pata berdi. Şol pursatda däne ýygýan kombaýnlar bugdaý hasylyny ormaga girişdiler.
Döwlet Baştutanymyz «Gäwers» daýhan birleşiginiň bugdaý meýdanynda galla oragynyň geçirilişini synlady.
Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagy üçin satyn alyp berýän bugdaý orujy kombaýnlarynyň enjamlaşdyrylyşy, öndürijilik kuwwaty ýokary halkara standartlara doly laýyk gelýär. Sanly ulgam arkaly dolandyrylýan kombaýnlarda mehanizatorlaryň öndürijilikli işiniň üpjün edilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur şertler göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň has-da pugtalandyrylmagy ugrunda edilýän yzygiderli tagallalaryň aýdyň netijesidir.
Ýurdumyzda ekerançylykda täze ylmy çemeleşmeleriň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşleriniň önümçiliginiň ýola goýulmagy ekerançylygy ösdürmegiň strategiýasynyň esasy ugry bolup durýar. Şunda Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda alnyp barylýan işler, hususan-da, “Serdar”, “Arkadag”, “Pyragy” diýlip atlandyrylan güýzlük bugdaýyň täze görnüşleriniň döredilendigi bellenilmäge mynasypdyr.
Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedow bilen söhbetdeş bolup, onuň iş şertleri, kärende ýerinde ösdürip ýetişdirýän ekinleriniň görnüşleri, galla meýdanlarynyň hasyllylygy bilen gyzyklandy.
Kärendeçi döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň döredip berýän mümkinçilikleriniň netijesinde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertleriň bardygyny aýtdy. Ol 2012-nji ýyldan bäri daýhançylyk bilen meşgullanýandygyny, 28 gektar kärende ýeriniň bardygyny, onuň 14 gektaryna bugdaý ekendigini, bugdaý meýdanynyň her gektaryndan 40 sentnere golaý hasyla garaşýandygyny, bugdaýdan başga-da, 14 gektar ýere gowaça ekendigini aýtdy.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýurdumyzda oba hojalyk pudagyny ösdürmek üçin giň gerimli işleriň durmuşa geçirilýändigini, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulandyrylmagyna uly üns berilýändigini aýtdy. Daýhanyň bereketli toprakdan bol hasyl almagy ugrunda ähli şertler döredilýär. Daýhanlar kämil tehnikalar, ýokary hilli tohum we dökün bilen yzygiderli üpjün edilýär.
Döwlet Baştutanymyz halal zähmet çekip, ýerden bol hasyl alýan daýhanlara döwletimiziň hemişe goldaw berjekdigini aýdyp, kärendeçileriň ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmäge uly goşant goşýandyklaryny nygtady.
Soňra hormatly Prezidentimiz bu ýerde guralan gök-bakja önümleriniň we miweleriň, däneli ekinleriň görnüşleriniň, çörek hem-de çörek önümleriniň sergisini synlady.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oba hojalyk özgertmeleriniň, ýurdumyzyň ekerançylarynyň yhlasly zähmetiniň netijesinde, halkymyz azyklyk un we çörek önümleri bilen doly üpjün edilýär. Oba hojalyk ekinleriniň täze görnüşlerini önümçilige ornaşdyrmak ekerançylygy ösdürmegiň täzeçil strategiýasynyň esasy ugrudyr. Görkezilýän önümleriň köpdürlüligi oba hojalyk pudagyndaky özgertmeleriň üstünliklere beslenýändigini tassyklaýar. Oba hojalyk önümlerini öndürijiler hem amala aşyrylýan özgertmelere uly goşant goşmak bilen, ak bugdaýyň, gök-bakja önümleriniň, miweleriň, ir-iýmişleriň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu önümler ýokary hili, ekologik taýdan arassalygy bilen tapawutlanýar.
Soňra bu ýerde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew hormatly Prezidentimize ýurdumyzda galla oragy möwsüminiň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler ähli welaýatlarda galla oragy dowam edip, bu möwsümi guramaçylykly geçirmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanylýar.
Döwlet Baştutanymyz galla oragy möwsüminiň guramaçylykly geçirilmeginiň, ýygnalan hasylyň bökdençsiz kabul edilmeginiň, talabalaýyk saklanylmagynyň, ýetişdirilen bugdaý hasylyny gysga wagtda ýitgisiz ýygnap almak üçin döwrebap tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň möhümdigini, munuň ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny aýdyp, bu ugurda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra hormatly Prezidentimiz kärendeçi D.Muhammetsähedowa sowgatlary gowşurdy.
Kärendeçi Şa serpaýy hem-de daýhanlaryň netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän ähli şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, yhlasly zähmetini gaýgyrman, Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyrjakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli asylly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.