“GDA-nyň iň gowy talyby”

4

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow 30-njy maýda Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçirilen “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara bäsleşigine internet arkaly gatnaşyp, I derejeli Diploma, döşe dakylýan nyşana we kuboga mynasyp boldy.
Bäsleşik Gazagystan Respublikasynyň “Parasat” milli innowasiýa ylmy-gözleg merkezi hem-de “Žana Gazagystan” respublikan innowasion merkezi tarapyndan guraldy. Halkara bäsleşigiň eminler topary Kadyrberdiniň ylma, sungata we döredijilige goşan goşantlaryna öran ýokary baha berdiler.
Bu taslamada Azerbaýjandan, Russiýa Federasiýasyndan, Belarus Respublikasyndan, Gazagystan Respublikasyndan, Özbegistan Respublikasyndan, Täjigistandan, Türkmenistandan, Gyrgyzystan Respublikasyndan zehinli ýaşlar we guramalaryň işjeň agzalary gatnaşdylar. Talyplardan bäsleşik üçin işler: ylym, sungat, sport ýaly temalardan kabul edildi. Bäsleşige gatnaşan ähli talyplaryň üstünlikleri “GDA-nyň iň gowy talyby” atly halkara kitap ýygyndysyna girizildi.
Ýeri gelende belläp geçsek, Halkara kitap ýygyndysyna halkara, milli we sebitleýin olimpiadalaryň, maslahatlaryň, taslamalaryň we çykyşlaryň ýeňijileriniň, jemgyýetçilik ýaşlar guramalarynyň liderleriniň we höwesjeňleriň, Milli ýygyndynyň agzalarynyň, Olimpiýa oýunlarynyň, halkara we sport ýaryşlarynyň ýeňijileriniň atlary girizilýär.