29-njy iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Özbegistanyň Baştutany Gahryman Arkadagymyzy doglan güni bilen gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkymyzyň abadan durmuşy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem özbek Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge goşýan şahsy goşandyny aýratyn belläp, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.
Hormatly Arkadagymyz hoşniýetli sözler we arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Özbegistan bilen doganlyk gatnaşyklary, strategik hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň arasyndaky dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge goşýan şahsy goşandy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlygyny beýan etdi. Özara hormat goýmaga, açyklyga, dostluga esaslanýan ýokary döwlet derejesindäki syýasy dialog ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň baş şertidir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz iki döwletiň ýolbaşçylarynyň arasyndaky özara saparlaryň, duşuşyklaryň, yzygiderli gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge itergi berýändigini aýtdy.
Nygtalyşy ýaly, Türkmenistan we Özbegistan häzirki zaman ählumumy gün tertibinde duran möhüm meseleler boýunça garaýyşlarynyň we çemeleşmeleriniň umumylygyna daýanyp, halkara giňişlikde parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmek, dünýäde durnukly ösüşi üpjün etmek, ekologiýa, ynsanperwer, beýleki meseleleri toplumlaýyn çözmek ugrunda işjeň çykyş edýärler. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyga esaslanýan daşary syýasatyny, ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygy üçin Prezident Şawkat Mirziýoýewe minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň hem, öz gezeginde, Özbegistanyň halkara ähmiýetli başlangyçlaryny goldaýandygyny aýtdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň meseleleri barada aýdyp, soňky ýyllarda özara haryt dolanyşygynyň yzygiderli artdyrylýandygyny, harytlaryň we hyzmatlaryň görnüşleriniň giňeldilýändigini, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze görnüşleriniň döredilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şunda maýa goýum, tehnologik, innowasion ugurlar wajyp ähmiýete eýedir. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlygyň gurallarynyň bilelikdäki tagallalary mundan beýläk-de utgaşdyrmaga, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga gönükdirilen ylalaşyklaryň doly durmuşa geçirilmegini üpjün etjekdigine berk ynam bildirdi.
Medeni-ynsanperwer ulgam, ylym-bilim hyzmatdaşlygy türkmen-özbek gatnaşyklarynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Milli Liderimiz bu ugurlarda bilelikde uly işleriň amala aşyrylandygyny, türkmen we özbek halklarynyň medeniýetini, däp-dessurlaryny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ýaş nesli terbiýelemegiň esasy bolan ruhy gymmatlyklary ösdürmek boýunça hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi. Munuň özi häzirki wagtda çalt üýtgeýän geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlaryň dünýäniň köp sanly halklarynyň asyrlarboýy kemala gelen durmuş ýörelgelerine, dünýägaraýşyna gönüden-göni täsir edýän döwründe aýratyn ähmiýete eýedir. “Gadymy siwilizasiýalaryň wekilleri, dünýä belli alymlaryň, ussatlaryň, akyldarlaryň we döwlet işgärleriniň nesilleri hökmünde türkmen hem-de özbek halklary asyrlarboýy beýik ylmy açyşlaryň gözbaşynda durup, özboluşly bilim ulgamlaryny döredipdirler, ylym bilen işjeň meşgullanypdyrlar. Netijede, häzirki wagtda Türkmenistan we Özbegistan halkara bileleşigiň abraýly agzalary hökmünde syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda öňdebaryjy taglymlary öňe sürmek bilen bir hatarda, özleriniň milli aýratynlyklaryny we gymmatlyklaryny asyl nusgada saklamagy başardylar” diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew däp bolan dostlukly türkmen-özbek gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk halklaryna parahatçylyk, abadançylyk hem-de gülläp ösüş arzuw etdiler.
PDF









