29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.
Işewür duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny beýan edip, ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň Gahryman Arkadagymyzyň parasatly, öňdengörüjilikli başlangyçlary netijesinde uly üstünliklere beslenýändigini aýtdy hem-de pursatdan peýdalanyp, Milli Liderimize doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny ýetirmegini hormatly Prezidentimizden haýyş etdi. Şeýle hem ol Türkmenistana gelmäge hemişe şatdygyny, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasyny amala aşyrmaga gatnaşmagyň ýolbaşçylyk edýän kompaniýasy üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy we Gahryman Arkadagymyzy sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň şanly senesi bilen mähirli gutlady. Işewür “akylly” şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan Arkadag şäheriniň özboluşly binagärlik keşbine eýedigini, bu ýerde ornaşdyrylan çözgütleriň halkara derejede ykrar edilýändigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz myhmany mübärekläp, Türkmenistanyň öňdebaryjy halkara kompaniýalar bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de şolaryň arasynda «Rönesansyň» möhüm orny eýeleýändigini belledi. Bellenilişi ýaly, ýurdumyz «Rönesans Holding» bilen köp ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlygy alyp barýar. Şol döwürde kompaniýa özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezdi. «Rönesans» Türkmenistanda birnäçe taslamalary, şol sanda iri senagat kärhanalarynyň, durmuş infrastruktura desgalarynyň gurluşygyny, energetika ulgamyna degişli taslamalary üstünlikli durmuşa geçirdi.
Işewür bildirilýän ýokary ynam, şeýle-de Türkmenistanda işlemäge döredilýän giň mümkinçilikler üçin döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza hoşallygyny beýan edip, kompaniýanyň geljekde-de öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirmäge jogapkärçilikli çemeleşjekdigine ynandyrdy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de «Rönesans Holding» kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjak birek-birege iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.
PDF









