31-nji ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda ýurdumyzda köp ýyllaryň dowamynda netijeli iş alyp barýan Koreýa Respublikasynyň “Korea Meditech Co., Ltd” kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny hem-de Ýaponiýanyň Koreýadaky “Sumitomo” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi.

Gahryman Arkadagymyz Aziýa — Ýuwaş umman sebitiniň ýurtlarynyň öňdebaryjy kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ýola goýlandygyny belläp, Balkan welaýatynyň Gyýanly we Garabogaz şäherçelerinde amala aşyrylan taslamalaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn netijesidigini aýtdy. Ýurdumyzda işlenip taýýarlanan “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň çäklerinde Arkadag şäherinde lukmançylyk klasterine degişli binalaryň gurulmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, lukman Arkadagymyz bu işleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegine döwlet derejesinde üns berilýändigini belledi.
Koreýa Respublikasynyň lukmançylyk edaralaryny enjamlaşdyrmak we gurmak boýunça oňyn tejribe toplan kompaniýasynyň ýolbaşçysy häzirki döwürde bu kompaniýanyň Türkmenistanda alyp barýan işleriniň netijeleri barada hasabat berdi. Ol Arkadag şäherinde meýilleşdirilen taslamalaryň amala aşyrylmagyna gatnaşmagyň özleri üçin uly mertebedigini nygtady we ýolbaşçylyk edýän kompaniýasyna ynanylan taslamalaryň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
“Sumitomo” ýapon kompaniýasynyň ýolbaşçysy duşuşygyň dowamynda özlerine bildirilen ynam üçin Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, Koreýa Respublikasynyň ugurdaş kompaniýasynyň wekilleri bilen sazlaşykly işläp, kesgitlenen taslamanyň ýokary derejede amala aşyrylmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy. Şeýle hem ol dünýäde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edilen Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary ýola goýmaga örän şatdygyny nygtady.
Arkadag şäherinde gurulýan lukmançylyk klasterine degişli binalaryň enjamlaşdyrylmagyna hemmetaraplaýyn we häzirki zaman talaplaryna laýyk derejede çemeleşilmelidigini belläp, Milli Liderimiz bu ugurdaky işleriň ylmyň ýokary gazananlary, täzeçil tehnologiýalar esasynda ýerine ýetirilmelidigine ünsi çekdi.