Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny has-da pug­ta­lan­dyr­mak­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni yzy­gi­der­li ýo­kar­lan­dyr­mak­da söw­da we te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­na mö­hüm orun de­giş­li­dir. Ýur­du­myz­da te­le­ke­çi­li­gi ös­dür­mek, hu­su­sy baş­lan­gyç­la­ry gol­da­mak, içer­ki ba­za­ry ýo­ka­ry hil­li ha­ryt­lar bi­len üp­jün et­mek hem-de önüm­çi­li­giň ge­ri­mi­ni gi­ňelt­mek ba­bat­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň ösü­şi­ne my­na­syp go­şant goş­ýar.
Hä­zir­ki wagt­da «Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy: Türk­me­nis­ta­ny 2022 – 2052-nji ýyl­lar­da dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na», «Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti­niň oba­la­ryň, şä­her­çe­le­riň, et­rap­lar­da­ky şä­her­le­riň we et­rap mer­kez­le­ri­niň ila­ty­nyň ýa­şa­ýyş-dur­muş şert­le­ri­ni öz­gert­mek bo­ýun­ça 2028-nji ýy­la çen­li dö­wür üçin re­je­le­nen gör­nüş­dä­ki Mil­li mak­sat­na­ma­sy­na» la­ýyk­lyk­da, hal­ky­my­zyň ýa­şa­ýyş-dur­muş de­re­je­si­ni düýp­li öz­gert­mek, se­bit­le­ri­mi­ziň yk­dy­sa­dy, dur­muş we me­de­ni taý­dan ösü­şi­ni üp­jün et­mek bi­len bag­ly we­zi­pe­ler üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýar. Ýa­kyn­da san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň mej­li­sin­de şu ýy­lyň do­kuz aýyn­da ýur­du­myz­da al­nyp bar­lan iş­le­riň jem­le­ri jem­le­nil­di. On­da şu ýy­lyň do­kuz aýy­nyň mak­ro­yk­dy­sa­dy gör­ke­zi­ji­le­ri ba­ra­da ha­sa­bat­ be­ril­di. Ha­sa­bat döw­rün­de je­mi içer­ki önü­miň ösü­şi 6,3 gö­te­rim art­dy, şol san­da se­na­gat pu­da­gyn­da ösüş dep­gi­ni 3 gö­te­ri­me, gur­lu­şyk­da 6,7 gö­te­ri­me, ulag-ara­gat­na­şyk pu­da­gyn­da 10,4 gö­te­ri­me, söw­da­da 8,4 gö­te­ri­me, oba ho­ja­ly­gyn­da 4,1 gö­te­ri­me we hyz­mat­lar ul­ga­myn­da 8,4 gö­te­ri­me deň bol­dy. Ge­çen ýy­lyň de­giş­li döw­ri bi­len de­ňeş­di­ri­len­de, şu ýy­lyň ýan­war – sent­ýabr aý­la­ryn­da je­mi ön­dü­ri­len önüm 9,9 gö­te­rim ar­typ, yk­dy­sa­dy­ýe­tiň pu­dak­la­ryn­da oňyn önüm­çi­lik ne­ti­je­le­ri ga­za­nyl­dy. Bö­lek sa­tuw ha­ryt do­la­ny­şy­gy 10,5 gö­te­rim, da­şa­ry söw­da do­la­ny­şy­gy bol­sa 8,3 gö­te­rim art­dy.
Önüm­çi­li­giň art­ma­gy, tä­ze ha­ryt­la­ryň ba­za­ra çy­ka­ryl­ma­gy, hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­niň gi­ňel­me­gi söw­da ul­ga­my­nyň hem döw­re­bap de­re­je­de ös­me­gi­ni ta­lap ed­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, söw­da hyz­mat­la­ry­nyň me­de­ni­ýe­ti­ni ýo­kar­lan­dyr­mak, ha­ryt­la­ryň hi­li­ne we el­ýe­ter­li­li­gi­ne aý­ra­tyn üns ber­mek mö­hüm we­zi­pe­le­riň bi­ri­dir.
2008-nji ýyl­da dö­re­di­len Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si ge­çen 18 ýy­lyň için­de 30 mü­ňe go­laý ag­za­ny özün­de jem­le­ýän iri jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­sy­na öw­rül­di. Bir­leş­mä­niň ag­za­la­ry ta­ra­pyn­dan gur­lan 1500-den gow­rak se­na­gat ugur­ly önüm­çi­lik­ler he­re­ket ed­ýär. Olar plas­tik, me­tal önüm­le­ri, gur­lu­şyk ma­te­ri­al­la­ry­ny, dür­li hi­mi­ýa önüm­le­ri­ni, ha­ly önüm­le­ri­ni, elekt­ro­en­jam­la­ry, öý ha­ryt­la­ry­ny, me­bel­le­ri we azyk önüm­le­ri­ni ön­dür­ýän köp san­ly ki­çi we or­ta kärhanalary öz içi­ne al­ýar.
Te­le­ke­çi­lik yk­dy­sa­dy iş­jeň­li­giň, tä­ze baş­lan­gyç­la­ryň we önüm­çi­lik müm­kin­çi­lik­le­ri­niň gi­ňel­dil­me­gi­niň mö­hüm he­re­ket­len­di­ri­ji güý­jü­dir. Ki­çi we or­ta te­le­ke­çi­li­giň ös­dü­ril­me­gi tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, ila­tyň iş bi­len üp­jün­çi­li­gi­niň ýo­kar­lan­ma­gy­na, ýer­li çig mal se­riş­de­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy­na hem-de ba­zar­da ha­ryt­la­ryň we hyz­mat­la­ryň gör­nüş­le­ri­niň kö­pel­me­gi­ne ýar­dam ber­ýär.
Aý­ra­tyn-da, hu­su­sy önüm ön­dü­ri­ji­le­riň işi­niň gi­ňe­me­gi im­por­tyň or­nu­ny tut­ýan önüm­le­ri ön­dür­mek we eks­port müm­kin­çi­lik­le­ri­ni art­dyr­mak ba­bat­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýer­li çig mal­dan taý­ýar­la­nyl­ýan ýo­ka­ry hil­li önüm­le­riň möç­be­ri­niň art­ma­gy içer­ki ba­za­ryň üp­jün­çi­li­gi­ni ber­kit­mek bi­len bir­lik­de, mil­li önüm­le­ri­mi­ziň da­şa­ry ýurt ba­zar­la­ryn­da hem öz or­nu­ny tap­ma­gy­na şert dö­red­ýär.
Döw­re­bap teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň or­naş­dy­ryl­ma­gy söw­da-te­le­ke­çi­lik ul­ga­my­nyň ösü­şi­nde tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­ýar. San­ly hyz­mat­la­ryň, nagt däl ha­sap­la­şyk­la­ryň, elekt­ron söw­da­nyň we döw­re­bap do­lan­dy­ryş usul­la­ry­nyň giň­den ula­nyl­ma­gy te­le­ke­çi­le­riň işi­niň ne­ti­je­li­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga, sarp edi­ji­ler üçin amat­ly şert­le­ri dö­ret­mä­ge ýar­dam ed­ýär. Şeý­le müm­kin­çi­lik­ler­den ne­ti­je­li peý­da­lan­mak döw­rüň mö­hüm ta­lap­la­ry­nyň bi­ri­dir.
Te­le­ke­çi­lik di­ňe bir yk­dy­sa­dy gir­de­ji ga­zan­ma­gyň se­riş­de­si bol­man, jem­gy­ýet­çi­lik taý­dan hem uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Tä­ze kär­ha­na­la­ryň dö­re­dil­me­gi, önüm­çi­li­giň ýo­la go­ýul­ma­gy we hyz­mat­lar ul­ga­my­nyň gi­ňel­dil­me­gi adam­la­ryň zäh­met çek­me­gi­ne, hü­när tej­ri­be­si­ni art­dyr­ma­gy­na hem-de tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­me­gi­ne müm­kin­çi­lik ber­ýär. Şo­nuň üçin te­le­ke­çi­lik baş­lan­gyç­la­ry­nyň hö­wes­len­di­ril­me­gi mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­tiň dur­nuk­ly ösü­şi­niň mö­hüm şert­le­ri­niň bi­ri bo­lup dur­ýar.
Gel­jek­de hem söw­da we te­le­ke­çi­lik iş­le­ri­niň ge­ri­mi­niň gi­ňel­dil­me­gi, hu­su­sy pu­da­gyň önüm­çi­lik kuw­wa­ty­nyň art­dy­ryl­ma­gy, ýer­li önüm­le­riň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­nyň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy yk­dy­sa­dy ösü­şiň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da bo­lar. Zäh­met­sö­ýer te­le­ke­çi­le­riň tä­ze baş­lan­gyç­la­ry, döw­re­bap önüm­çi­lik­le­ri we ýo­ka­ry hil­li hyz­mat­la­ry ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na hyz­mat ed­ýär.
Şeý­le­lik­de, söw­da we te­le­ke­çi­lik mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň saz­la­şyk­ly ösü­şi­ni üp­jün ed­ýän mö­hüm ugur­la­ryň bi­ri­dir. Bu ul­gam­la­ryň döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy, önüm­çi­li­giň we hyz­mat­la­ryň hi­li­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy, tä­ze iş orun­la­ry­nyň dö­re­dil­me­gi hem-de ýer­li önüm­le­riň ba­zar­da­ky or­nu­nyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy hal­ky­my­zyň aba­dan­çy­ly­gy­nyň we ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­niň iler­le­me­gi­ne sal­dam­ly go­şant goş­ýar.

Azizbek KURAMBAÝEW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň magistri.