1418 güne çeken 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşy öwezini dolup bolmajak ýitgilere getirip, halklaryň ýüreklerine bitmejek ýara saldy. Watançylygyň deňi-taýy bolmadyk nusgasyny görkezen gahrymanlaryň mertebesine, görelde mekdebine sylag-hormat ýokary bolup, olar hemişe alkyşlanýar.
Döwletiň we jemgyýetiň öňünde watansöýüjiligi, wepalylygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi, batyrlygy, merdanalygy we mertligi bilen tapawutlanan, ýurduň harby we goranmak kuwwatyny pugtalandyrmaga we kämilleşdirmäge ägirt uly goşant goşan raýatlary sylaglamak maksady bilen, 1934-nji ýylyň 16-njy aprelinde «Sowet Soýuzynyň
Gahrymany» diýen hormatly ady dakmagyň, «Altyn ýyldyz» medalyny we döwlet sylagynyň şahadatnamasyny, nyşanlaryny gowşurmagyň hukuk düzgünnamasy kabul edilýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynyň söweş hereketlerinde görnükli hyzmatlary nazara alnyp, bu mukaddes hormatly ada, iň ýokary tapawutlandyryş derejä 38 sany halkyň wekillerinden 12777 raýat mynasyp boldy. Olaryň arasynda
2 adam 4 gezek, 3 adam 3 gezek, 154 adam 2 gezek, 12618 raýat 1 gezek mynasyp boldy. Geçen taryhy döwürde 3051 raýata «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly at aradan çykandan soňra berildi. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda 13 sany sebit «Gahryman şäherler» hökmünde yglan edildi. «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada 95 sany zenan mynasyp boldy. Olaryň ilkinjileri W. Grizodubowanyň we Z.Kosmodemýanskaýanyň atlary bilen baglanyşyklydyr. Zenanlaryň arasynda ilkinji bolup 2 gezek «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada mynasyp bolan S.E.Sowiskaýadyr. Ilkinji bolup «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada uçarman A.Lýapidewskiý, ýaş nesliň wekili hökmünde ilkinji bolup 14 ýaşynda W.Kotik, ilkinji bolup ýaşuly nesliň wekili hökmünde 86 ýaşynda I.Týulenow, W.Kuzmin ýaly raýatlar mynasyp boldular.
22 sany maşgalanyň agzalary «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada birnäçe gezek mynasyp boldular. Bir ýylda 2 gezek «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada ilkinji bolup mynasyp bolan S.I.Grisewes bilen G.P.Krawçenkodyr. Uzak ýyllar ömür sürüp, ýarym asyrdan gowrak, bäş müçä golaý döwür «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ady göteren gerçek B.Krawsowdyr. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly adyň eýesi A.Matrosowyň edermenligi, gaýduwsyzlygy, batyrlygy köp gezek gaýtalanmagy boýunça taryhyň altyn sahypalaryna girdi.
Beýik Watançylyk urşunyň söweş hereketlerine dürli halklaryň wekillerinden 2000-e golaý ýazyjy-şahyrlar, galamgärler gatnaşdylar. Olaryň 500-e golaýy dürli orden-medallar bilen sylaglandy, 18-sine bolsa «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly at dakyldy. Döredijilik äleminde öçmejek yz galdyran şol meşhur ýazyjy-şahyrlaryň 276-sy söweş meýdanlarynda wepat bolup, olaryň guburlary ata Watanlaryndan uzaklarda galdy.
Hünärmenleriň bellemegine görä, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda pida bolan raýatlaryň her biriniň gahrymançylyk hormaty üçin 1 minutlyk dymyşlyk yglan edilmeli bolsa, 50 ýyl töweregi wagt gerek bolardy. Doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip XX asyryň gazaply söweş meýdanlarynda watandaşlarymyz, ýeňişli ýollary geçen esgerlerimiz gahrymançylygyň belent we gaýtalanmajak nusgalaryny görkezip, baky şöhrata eýe boldular. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda 78000-den gowrak ildeşimiz edermenligiň, gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgalaryny görkezip, dürli görnüşli orden-medallar bilen sylaglandylar. Olaryň 104-si «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada, 15-si «Şöhrat» ordeniniň üçünji derejesine mynasyp boldular. Ýurdumyzdan «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen hormatly ada ilkinjileriň hatarynda Gurban Durdy, Aýdogdy Tahyrow, Annagylyç Ataýew, Berdimyrat Döwletjanow, Gylyçnyýaz Azalow, Oraz Annaýew, Mülki Baýramow, Pena Rejepow, Täçmämmet Nyýazmämmedow, Allaberdi Agalyýew, Halyl Mämedow, Jumagaly Kaldygaraýew, Saparmät Hojaýew ýaly raýatlar mynasyp boldular. Munuň özi ilatyň her 100 müňüne düşýän Gahrymanlaryň sany boýunça Türkmenistanyň ozalky Soýuz Respublikalaryň arasynda birinji orny eýeleýändigini görkezýär. Beýik Watançylyk urşunyň front hereketlerine 24000 sany türkmen bedewiniň, 2000-e golaý at arabalaryň, 3125-den gowrak dürli görnüşli awtoulaglaryň, traktorlaryň ugradylmagy, Goranmak gaznasyna 7392 kilogramdan gowrak altyn-kümüş tabşyrylmagy ýurdumyzyň köptaraply düzümde halk hojalygy üçin ägirt uly goşant goşandygyny görkezýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllaryna ýurdumyzda bir maşgaladan iň köp wekil – 11 sany perzent gatnaşan mukaddes ojak Türkmengala etrabyndan Tagan Özbekowyň hojalygy hasap edilýär.
1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunyň front hereketlerine gatnaşyp, wepat bolan ildeşlerimiziň ählisi 2000-nji ýylda Türkmenistanyň Milli Gahrymanlary diýlip yglan edildi. 2001-nji ýyldan soňra Milli Gahrymanlarymyzyň edermenligi barada köpjiltlik «Hatyra» we «Şöhrat» kitaplarynyň tapgyrlaýyn neşir edilip gelinmegi, ýurdumyzyň dürli künjekleriniň dolandyryş-çäk birliklerine gazaply ýyllarda ýanbermez edermenligi, gaýduwsyz merdanalygy görkezen gahrymanlaryň atlarynyň dakylmagy aýratyn guwandyryjydyr. Her ýyl milli hatyra dessurlaryna eýerilip, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gurban bolan, ýalynly ýyllarda gahrymançylygyň belent nusgalaryny görkezen esgerlerimiziň hormatyna bina edilen ýadygärliklere ter gül çemenleriniň goýlup, olaryň maşgalalaryna sowgatlaryň gowşurylmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar. Döwürleriň arabaglanyşygynda bagtyýar nesillerimiz ygrarlylyk, wepalylyk, bagtyýarlyk, röwşen geljek ýaly mukaddes gymmatlyklary peşgeş beren gahrymanlaryň mertebesini, şöhratly ykballaryny, edermenlige beslenen durmuş tejribelerini hiç haçan ýatdan çykarmaz. Merdana pederlerimiziň söweşjeň gahrymançylygy we dost-doganlykda taplanan taryhyň sahypalaryndaky şöhratly ýollary nesilleriň kalbynda sarpalanyp, hakydalarda ebedi ýaşar.
Dädebaý Pälwanow,
Görogly etrap häkimliginiň hünärmeni.
PDF









