Beýik işler müdimidir

2

Mer­da­na pe­der­le­ri­mi­ziň hiç ha­çan öç­me­jek şöh­ra­ty, zäh­met eder­men­li­gi, gaý­duw­syz gah­ry­man­ly­gy, bag­ty­ýar gün­le­ri­mi­ziň ha­ty­ra­sy­na bi­ti­ren asyl­ly iş­le­ri dog­ru­syn­da oý­la­na­nyň­da, Gün­do­ga­ryň be­ýik da­na­sy, akyl­dar Abul­ka­sym Fir­döw­si­niň şeý­le se­tir­le­ri ýa­dy­ňa düş­ýär:
Dün­ýä­de äh­li zat ga­ry­lar ça­ňa,
Di­ňe iki zat kär et­mez oňa,
Gah­ry­ma­nyň işi, da­na­nyň sö­zi,
Asyr­dan asy­ra äki­der bi­zi.
Ha­ky­kat­dan hem, ýa­şa­ýyş­da be­ýik iş­ler mü­di­mi gal­ýar, pa­ra­sat­ly söz­ler il için­de adyg­ýar. Wa­ta­nyň azatlygy, top­rak üçin şi­rin ja­ny­ny or­ta go­ýup, 1941-1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda eder­men­li­giň belent nus­ga­sy­ny gör­ke­zen pe­der­le­ri­mi­ziň ba­tyr­ly­gy in­di 81 ýyl bä­ri bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň ha­ky­da­syn­da ýaşaýar.
Türk­men hal­ky­nyň ta­ry­hyn­da iň has­rat­ly ýyl­lar bo­lup ge­çen 1941-1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk urşunda sö­we­şen gah­ry­man­la­ryň ha­ty­ra­sy asu­da, pa­ra­hat ýur­du­myz­da ýa­şa­ýan hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan sar­pa­lan­ýar. Şol ga­zap­ly uruş ýyl­la­ryn­da türk­men ýi­git­leri hem ata Wa­ta­ny­ny go­ra­dy­lar. Ene top­ra­gy­my­zyň pa­ra­hat­çy­ly­gy, er­kin­li­gi ug­run­da ja­ny­ny gur­ban eden ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ýan­ber­mez we ýe­ňil­mez ruh­la­ry ägirt uly güý­je öw­rü­lip, bi­ze geç­mi­şi­mi­zi, şu gü­nü­mi­zi, gel­je­gi­mi­zi gö­zü­mi­ziň gö­re­ji ýa­ly go­rap sak­la­ma­ga ça­gyr­ýar. Fa­şi­z­me gar­şy bar­ly­şyk­syz sö­weş­ler­de türk­men ger­çek­le­ri­niň gör­ke­zen taý­syz eder­men­li­gi bag­ty­ýar ne­sil­le­ri­mi­ziň ýü­rek­le­rin­de ebe­di ýa­şa­ýar.
Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Mert­ler Wa­ta­ny beý­geld­ýär» di­ýen dür­dä­ne söz­le­ri bu gün­ki gün kal­by­myz­da aý­dym bo­lup ýaň­lan­ýar. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň ata­sy Ber­di­mu­hamet An­na­ýe­wiň sö­weş eder­men­li­gi, nus­ga­lyk zäh­met ýo­ly biz ýaş­lar üçin wa­tan­sö­ýü­ji­li­giň be­ýik mek­de­bi­dir. Bu hak­da biz Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let gu­şy» ro­ma­nyn­dan köp mag­lu­mat­la­ry bil­ýä­ris.
Türk­men ger­çek­le­ri sö­weş meý­da­nyn­da eder­men­li­giň, ba­tyr­ly­gyň, mert­li­giň be­ýik nus­ga­sy­ny gör­kez­di­ler. Ur­şuň ýo­wuz ýyl­la­ryn­da tyl­da ga­lan ak saç­ly ene­le­ri­miz, mäh­ri­ban ge­lin-gyz­la­ry­myz hem gaý­rat­ly zäh­met çek­di­ler. Olar sö­weş­ýän es­ger­ler üçin ýüň­den el­lik, jo­rap örüp, egin-eşik ti­kip fron­ta ug­ra­dyp­dyr­lar. Her ýy­lyň 9-njy ma­ýyn­da 1941-1945-nji ýyl­la­ryň Beýik Watançylyk ur­şun­da ga­za­ny­lan Be­ýik Ýeň­şiň baý­ra­my­ny uly da­ba­ra bi­len bel­läp geç­ýä­ris. Bu ýe­ňiş­de türk­me­nis­tan­ly ger­çek­le­riň hem ägirt uly go­şan­dy­nyň bar­dy­gy bi­ziň buý­sanç­ly ba­şy­my­zy gö­ge ýe­tir­ýär. Ga­nym ur­şuň gu­ta­ryp, Be­ýik Ýeň­şiň ga­za­ny­la­ny­na 81 ýyl bol­dy. Şo­nuň bi­len bag­ly ge­çi­ril­ýän da­ba­ra­lar ýur­du­my­zyň äh­li ýe­ri­ni gur­şap al­dy. Her ýyl Ýe­ňiş baý­ram­çy­ly­gy my­na­sy­bet­li eda­ra-kär­ha­na­lar­da, mek­dep okuw­çy­la­ry­nyň ara­syn­da du­şu­şyk­lar gu­ral­ýar. Türk­men ger­çek­le­ri­niň sö­weş­de gör­ke­zen eder­men­li­gi dog­ru­syn­da buý­sanç­ly çy­kyş­lar edil­ýär. Mu­nuň özi türk­men hal­kynyň öz mil­li gah­ry­man­la­ry­na bo­lan sy­lag-hor­ma­ty­nyň we sar­pa­sy­nyň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.
Wa­tan ger­çek­le­ri­ne uly sy­lag-hor­mat goý­ýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun, döw­let­li iş­le­ri he­mi­şe ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni.