Adamzat taryhynda ýazuwly düşünişmegiň ilkinji görnüşleriniň dürli geometrik şekiller bolandygy aýdylýar. Ilkinji şekiller daş bölegi we hek bilen agaçlaryň, daşlaryň ýüzüne çyzylyp hem-de oýulyp çekilipdir. Bu ilkinji ýazuw endikleri bolup, aň-düşünjäniň ösmegi bilen ýazuw esbaplary kämilleşdirilip başlanýar. Takmynan, 1560-njy ýylda italýan neçjarlary (agaç ussasy) Simonio we Lindiana Bernakottiniň galamyň ilkinji görnüşini oýlap tapandyklary çaklanylýar. Olar arça agajynyň içi boş taýajygynyň içine gara reňk berijini ýerleşdirmegi göz öňünde tutupdyrlar. Soňra has ýokary usul: deň ikä kesilen agajyň merkezini dikligine oýup, grafit taýagyny ýerleşdirip, ýarym bölekler ýelmemek oýlanyp tapylýar. Bu usul şu güne çenli hem ulanylýar.
Grafitiň galyndylary ilkinji gezek 1654-nji ýylda Angliýada oýlanyp tapylýar. Elde berk saklanmagy üçin ilki-ilkiler grafit taýajyklaryň daşyna sim ýa-da goýun derisi örtülipdir. 1662-nji ýylda Germaniýanyň Nýurnberg şäherinde grafit külkesinden grafit taýajygynyň gaýtadan işlenip taýýarlanylýan usulynyň oýlanyp tapylmagy bilen, galamyň önümçiligi ösüp başlaýar.
1775-nji ýylda fransiýaly Nikola Žak Konte hem galamyň inçejik taýak görnüşini, ýagny palçygyň we grafitiň garyndysynyň iki taýajygyň arasynda ýerleşdirilen görnüşini ýasaýar. Ol 1795-nji ýylda galam öndürmäge patent alandan soňra, öz adyny göterýän kärhananyň düýbüni tutýar. Parižiň «Konte» kärhanasy galam öndürmekde öňdebaryjy hasaplanýar.
1858-nji ýylda Hymen Lipman ilkinji bolup öçürijini (bozguç) galamyň ujuna dakmaga patent alýar. Şondan soň öçürgüçli galamlar ýüze çykyp başlaýar. Eberhars Faber 1861-nji ýylda Nýu-Ýorkda ilkinji galam öndürýän kärhananyň düýbüni tutýar. Agaç gatlakly galamlaryň döränine 200 ýyldan gowrak wagt geçdi. Häzirki wagtda galamlaryň grafit, gaty grafit, suwuk grafit, kömürli, uglerodly, reňkli, ýagly we akwarel ýaly birnäçe görnüşi bar.