17-nji awgustda Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdepde ýaşlaryň arasynda robot gämi ýaryşy geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher Baş bilim müdirligi bilen “Döwrebap maslahat” hususy kärhanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen bäsleşige ýurdumyzyň çar künjeginden ýaşlar gatnaşdy.
Bäsleşik iki ugurda – howuzda gämileri göni ýüzdürmek we päsgelçiliklerden iň çalt geçirmek hem-de suwuň ýüzündäki topjagazlary toplap, bellenen meýdança ýygnamak boýunça geçirildi.


Çekeleşikli geçen ýaryşlaryň netijelerine laýyklykda, ýekeleýin geçirilen göni ýüzmek we we päsgelçiliklerden iň çalt geçmek ýaryşynda Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçysy, Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleyjisi Ýasin Rahmanow 1-nji orna, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiň okuwçylary Orazmuhammet Merdanow bilen Said Annaýew 2-nji we 3-nji orunlara mynasyp boldular.
Toparlaýyn geçirilýän suwdan top toplama ýaryşynda Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjisi Arslanhan Toýjanow, Aşgabat şäheriniň 15-nji orta mekdebiniň okuwçysy Sergeý Apresýan, Aşgabatdaky A.S.Puşkin adyndaky bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň okuwçysy Alihan Akgaýew dagynyň topary 1-nji orna mynasyp boldy.
2-nji orna Balkanabat şäherindäki “Kämil bilim” okuw merkeziniň diňleýjileri – Balkanabat şäherindäki tebigy ugurly derslere ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiniň okuwçylary Eldar Hajylyýew, Taňryberdi Gurbanow, Balkanabat şäheriniň iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebiniň okuwçysy Hajyly Hajylyýew dagydan düzülen topar mynasyp boldy.
3-nji orny Maglumatlar tehnologiýalarynyň Türkmen-hindi merkeziniň diňleýjileri – Aşgabat şäherindäki 18-nji mekdebiň okuwçysy Aýhan Karýagdyýew, Aşgabat şäherindäki iňlis dili, himiýa we biologiýa okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän 86-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Yhlas Nurmuhammedow we Aşgabat şäherindäki iňlis dili çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebiň okuwçysy Ýusup Geldiýew eýeledi.
– “Bu bäsleşik robot tehnologiýalary bilen gyzyklanýan zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga gönükdirilendir. Ýaryşlaryň birinde tizlik, beýlekisinde takyklyk möhüm bolup durýar. Okuwçylar bu ýerde diňe bir bäsleşmän, eýsem, tomusky dynç alyş döwründe öz ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirendiklerini görkezdiler hem-de deň-duşlary bilen özara tejribe alyşdylar” – diýip, ýaryşyň baş emini Ismaýil Hakimow belledi.