Dünýäde sygryň – iri şahly mallaryň 1000-den gowrak tohumy bar. Gara mallary idetmekde we ösdürip ýetişdirmekde Braziliýa, Awstraliýa, Hytaý, Hindistan, Argentina, ABŞ, Russiýa, Fransiýa, Meksika hem-de Kanada öňdeligi eýeleýär. Ýer ýüzünde gara mallaryň umumy sanynyň 1,5 milliarddan gowrakdygy aýdylýar. Iri şahly mallaryň käbir görnüşi köp süýt berýändigi bilen tapawutlanýan bolsa, käbiri göwresiniň ululygy, käbiri bolsa mymyjak tüýi we reňki bilen ünsi özüne çekýär. Öýdeçi jandaryň punganur atly tohumy bolsa, kiçijik göwresi bilen tapawutlanyp, görenleri haýran galdyrýar.
Gara mallaryň iň kiçi tohumy hasaplanýan punganur daşyndan göräýmäge oýnawaja meňzeýär. Bu girdenek sygyrlar Hindistanyň günortasyndaky Andhra Pradeş ştatynyň Çittur etrabyndaky daglyk ýerlerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Ginnesiň rekordlar kitabynda goralýan jandarlaryň sanawynda görkezilen gara malyň bu görnüşi ýitip gitmek howpy abanýan süýdemdirijileriň biri hasaplanýar.
Punganuryň boýy 70-90 santimetre, agramy 115-200 kilograma ýetýär. Tüýi ak, çal, goňur, gyzyl ýa-da gara reňkde bolýan girdenek sygyrlaryň ýarym aýlawly kiçijik şahy bolýar. Köp mukdarda süýt berýän we süýdüniň ýokumlylygy bilen tapawutlanýan iri şahly malyň bu görnüşi ýer sürmek, ýük daşamak ýaly oba hojalyk işlerinde hem peýdalanylýar. Punganur bir günüň dowamynda
5 kilogram ot-iým iýip, 3-5 litre çenli süýt berýär.
Kiçijikdigine garamazdan ýeterlik süýt berýän punganur hindileriň milli baýlygy hasaplanýar. Punganur ýuwaşlygy we mylaýymlygy bilen çagalaryň iň söýgüli öý jandaryna öwrülýär. Hindileriň ýerli fermalaryndan başga-da, käbir haýwanat baglarynda girdenek sygra duş gelmek bolýar.
Punganur maly 10 kilometr uzaklykdan ys alyp bilýär. Girdenek sygyrlar otlamak üçin her gün 13 kilometre çenli ýol geçip, ekologiýa az mukdarda zyýan ýetirýärler.