Alymlaryň halkara topary Finlýandiýada Ýewropanyň iň gadymy agajy hasaplanýan guran arçanyň üstünden bardylar. Geçirilen barlaglarda gyrymsy agajyň ýaşynyň 1647 ýyl bolup, 260-njy ýyldan 1906-njy ýyla çenli ösendigi ýüze çykaryldy diýip, “The Scientific Naturalist” žurnalynda çap edilen makalada aýdylýar.