Dünýäde garynjanyň 15 müň 700-den gowrak görnüşi duş gelýär. Täze görnüşleriň tapylmagy bilen garynjalar maşgalasynyň sany her ýyl köpelýär.
Garynjalaryň iýmit siňdiriş ulgamy diňe öz iýmit zerurlygyny kanagatlandyrmak bilen çäklenmeýär. Işeňňir jandarlaryň iki aýry garny bar. Onuň biri öz iýmitlenmegi üçin, beýlekisi maşgala agzalary bilen iýmit paýlaşmak üçin. Garynjalar ikinji aşgazanynyň kömegi bilen iýmiti suwuk görnüşe öwrüp, guşlar ýaly çagalaryny iýmitlendirýärler.
Garynjanyň gulagy bolmasa-da, antennalarynyň we aýagynyň kömegi bilen ýagşyň ýagmagy, beýleki jandarlaryň hereketi, ýertitreme ýaly daş-töwerekdäki hadysalary duýup bilýärler.
Garynjalaryň ýönekeý dem alyş agzasy bolup, pes kislorodly ýerlerde hem «traheýa» diýilýän howa turbalary arkaly arkaýyn dem alyp bilýärler. Garynjalaryň bedeniniň iki gapdalynda dem almaga niýetlenen birnäçe deşijekler (turba) bar.
Garynjalar suwuň aşagynda 24 sagada çenli demini saklap durup bilýärler. Sebäbi garynjalar suwuň astynda howa turbalary arkaly kislorody has ýeňil kabul edýärler. Garynjalaryň käbir görnüşi ýüzüp hem bilýär.
Syn eden bolsaňyz, şol bir ýodajykdan müňlerçe garynjanyň biri-birine «salam berip», däne daşaýandygyny görensiňiz. Garynjalar ýöräp barýarkalar göze görünmeýän yzlary goýýarlar. Garynjalar feromon diýilýän himiki maddany bölüp çykaryp, biri-biri bilen habarlaşýarlar we haýsy ugra gitmelidigini kesgitleýärler.
Ýer ýüzünde, takmynan, 20 kwadrillion garynjanyň ýaşaýandygy çak edilýär. Bu san adam başyna millionlarça garynja düşýär diýmekdir. Dünýädäki garynjalaryň umumy agramy, takmynan, 20 megatona (12 million tonna) barabar.
Garynjanyň käbir görnüşi 30 ýyla çenli ýaşap bilýär. Garynjanyň kiçijik beýnisiniň bardygyna garamazdan «akylly» jandar hasaplanýar. Garynjalaryň zähmet çekmek, aragatnaşyk saklamak, päsgelçiligi ýeňip geçmek, daşky gurşawyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly ukyplary bar.
Garynjalaryň käbir görnüşi kömelek ösdürip ýetişdirmek üçin hinine ter ýaprak daşaýarlar. Kömelek ýaprak kertýän garynjanyň esasy iýmiti hasaplanýar.
Käbir garynja toparlary beýleki topara hüjüm edip, kiçijik garynjalary «ýesir alýarlar» we şol garynjalary iýmit daşamak üçin işledýärler.
PDF








