Önümçilikde dünýäniň öňdebaryjy ýurdy hasaplanýan Hytaýda şu ýylyň birinji çärýeginde arassa çeşmelerden alynýan elektrik energiýasynyň önümçiligi rekord derejede artdy. Maglumatlar ýurtda bu babatda alnyp barylýan taslamalaryň güýçli depginler bilen dowam etdirilýändigini görkezýär. Hytaýyň Milli statistika edarasynyň maglumatyna görä ýurtda elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwaty geçen ýylyň degişli döwründäkiden 14,6 göterim artyp, 3,43 milliard kilowat bolupdyr. Elektrik energiýasyny öndürmekde bolsa arassa çeşmeleriň paýynyň artýandygy bellenildi. Adaty çeşmelerdäki artyş bolsa birneme pes boldy. Üç aýyň dowamynda adaty çeşmelerden elektrik energiýasynyň önümçiligi 3,9 göterim ýokarlanypdyr. Degişli döwürde Gün beketlerinden alynýan elektrik energiýasynyň önümçiligi 43,3 göterim ýokarlanypdyr. Bu görkeziji ýel energiýasynda 17,2 göterime ýetipdir. Mundan başga-da elektrik energiýasynyň çeşmelerine goýberilýän maýa goýumyň möçberi geçen ýylyň degişli döwründäkiden 2,5 göterim azalypdyr. Energiýa geçirijilere goýberilen maýa goýum bolsa, 24,8 göterim ýokarlanypdyr.
Soňky ýyllarda ýurtda energiýanyň arassa çeşmelerine has köp maýa goýum goýberilýär. Ýurduň iri şäherlerinde bolsa, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak maksady bilen elektrik energiýasynyň ulanylyşy hem barha artýar. Bu bolsa has köp elektrik energiýasyna zerurlyk döredýär. Bu artan islegi kanagatlandyrmak üçin bolsa, köp mukdarda Gün panelleri we Ýel turbina beketleriniň gurluşygy amala aşyrylýar.
Bagtygül Rahimowa, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy,
Nurýagdy Otuzow, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.