21-nji aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dostlukly sapar bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň uçary Türküstan şäheriniň iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Hazret Sultan Halkara howa menziline gelip gondy. Haly ýodajygynyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde belent mertebeli türkmen myhmanyny Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew we beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar.
Gazagystan Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türküstan şäherindäki Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna baryp gördi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň bilelikdäki awtoulag kerweni Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasyna gelýär. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Baştutany mähirli garşylanyldy we Türküstan şäheriniň taryhy barada gürrüň berildi.
Türküstan Gazagystanyň günortasynda ýerleşýän iň gadymy şäherleriň biridir. Bu gadymy şäher alymlaryň, şahyrlardyr filosoflaryň mekany bolupdyr. Bu ýerde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi hem ýerleşýär. Türküstanyň medeni mirasy köpdürli we köptaraplydyr. Bu şäher öz däp-dessurlary, senetçilik sungaty bilen meşhurdyr. Ýerli senetçiler gadymdan gelýän tärlerdir usullar bilen dürli küýzegärlik, haly we dokma önümlerini taýýarlaýarlar. Türküstan nesilden-nesle geçirilip gelinýän aýdym-saz däpleri bilen hem bellidir.
Milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlygyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew, ilki bilen, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähine barýarlar. Aramgähiň içinde Türkmenistanyň we Gazagystanyň müftüleri Gurhandan aýat okaýarlar hem-de doga-dileg edýärler.
Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi Türküstan şäherinde (ozalky Ýassy obasy) ýerleşip, gümmezler bilen bezelen, ini 46,5 metr, uzynlygy 65,5 metr bolan gönüburçluk şekilindäki ägirt uly binadyr. Onuň daşky diwarlarynyň galyňlygy 2 metre, merkezi zalyň diwarynyň galyňlygy bolsa 3 metre deňdir. Aramgähde dürli otaglardyr zallaryň 36-sy bar. Diwarlary mawy plita bilen örtülen merkezi zalda diametri 2,45 metre, agramy 2 tonna golaý ägirt uly gazan ýerleşýär. Bu gazanda juma namazyna gelen adamlar üçin nahar taýýarlanypdyr. Şeýle hem bu ýerde Teýmirleňiň aramgähe beren sowgady — bürünçden ýasalan çyra bar.
Desganyň içinde Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi, onuň hüjresi, Uly köşk, Kiçi köşk, Kiçi metjit, kitaphana, guýy we naharhana ýaly binalar ýerleşýär. Aramgähiň töweregindäki meýdança Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň çägine degişli. Aramgäh orta asyr binagärlik sungatyna degişlidir. Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähi 1385 — 1405-nji ýyllarda emir Timuryň (Teýmirleň) buýrugy bilen gurlupdyr. Binanyň gurluşygynda öz döwrüniň öňdebaryjy binagärlik çözgütleri ulanylypdyr.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany “Etnoaul” milli medeni toplumyna baryp görýärler. Bu ýerde türkmen halkynyň Milli Liderini hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýewi gazak milli döredijilik topary mähirli garşylaýar. Toplumyň wekili gazak ak öýi, gazak halkynyň gadymy döwürlerde ulanan öý hojalyk esbaplary, haly önümleri we beýlekiler bilen tanyşdyrýar.
“Etnoaul” milli medeni toplumy “Kazanat” aýlawynyň çäginde 2 müň 500 inedördül metr meýdany tutýar. Toplumyň ähli ekspozisiýasy 30 sany ak öýde ýerleşdirilip, bu ýere gelýänleri gazak halkynyň baý taryhy, medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary bilen tanyşdyrýar. Aýlawda adaty atly sport çäreleri bilen birlikde, gadymy çarwadarlaryň milli sport görnüşleri boýunça ýaryşlar hem geçirilýär. “Etnoaulda” saz we teatr sungaty festiwallary, suratkeşleriň, amaly-haşam sungatynyň wekilleriniň ussatlyk sapaklary, senetçilik we çeperçilik sergileri, köp sanly beýleki medeni çäreler geçirilýär. Toplum Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasynyň düzümine girip, Hoja Ahmet Ýasawynyň aramgähiniň golaýynda ýerleşýär. Toplumyň ekspozisiýasy esasy iki bölege bölünýär we olaryň her biri çarwadarlaryň medeniýetiniň, durmuşynyň möhüm ugurlaryny açyp görkezýär. Bu ýerdäki ak öýlerde çarwadarlaryň ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen tanşyp bolýan bolsa, orta asyr äheňinde ýerine ýetirilen senetçiler köçesindäki saman palçykdan ýasalan ussahanalarda çarwadarlaryň halyçylyk, zergärçilik, küýzegärçilik ýaly senetçiligi beýan edilýär.
Şeýle-de bu ýerde milli aşhananyň tagamlary taýýarlanýar, medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda konsertler, şüweleňler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň gurlandygyny bellemek gerek. Özboluşly binagärlik aýratynlygy bilen tapawutlanýan bu binalarda köpçülikleýin baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Ak öý türkmen halkynyň aňynda dünýä gurluşynyň özboluşly nyşanyny janlandyrýar. Günüň tegelekligini esas edinen ak öý durmuşyň bakylygyny, paýhasyň we ruhy başlangyçlaryň dowamatlylygyny alamatlandyrýar. Ak öý agzybirligi, halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, ynsanperwerligi hem özünde jemleýär.
“Etnoaul” milli medeni toplumy bilen tanyşlykdan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz hem-de Prezident Kasym-Žomart Tokaýew “Turkistan Visit Centre” syýahatçylyk-maglumat merkezine ugradylar. Ýol ugrunda Milli Liderimiz hem-de dostlukly ýurduň döwlet Baştutany ýadygärlik surata düşdüler.
Syýahatçylyk-maglumat merkezinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Prezident Kasym-Žomart Tokaýew Türküstan şäheri barada wideoşekile tomaşa edip, taryhy eksponatlar bilen tanyşdylar.
Döwrebap äheňde gurlan bu merkez Türküstanyň binagärlik keşbi bilen sazlaşykly utgaşýar. Desganyň bezeginde milli binagärlik däpleri we häzirki zaman gurluşyk tehnologiýalary öz beýanyny tapýar. Merkezdäki maglumat diwarlyklary, multimedia enjamlary taryhy ýadygärlikler, medeni çäreler, syýahatçylyk ugurlary barada giňişleýin maglumat berýär. Şeýle-de ol dürli hyzmatlary, şol sanda gezelençleri, dürli çäreleri guramak boýunça hyzmatlary hödürleýär. Bu ýerde ýerli senetçileriň ýasan sowgatlyk önümlerini-de satyn almak bolýar.
Bilim işi syýahatçylyk-maglumat merkeziniň esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Merkez Türküstanyň taryhyna we medeniýetine bagyşlanan dürli ussatlyk sapaklaryny, okuwlardyr sergileri guraýar. Bu ýere gelýän myhmanlara sebitiň gadymy däp-dessurlary, senetçiligi, sungaty barada maglumat almaga, interaktiw çärelere gatnaşmaga mümkinçilik döredilýär. Mundan başga-da, merkez ýerli mekdepler we uniwersitetler bilen işjeň hyzmatdaşlyk alyp barýar hem-de ýaşlara öz ülkesiniň taryhyny, medeniýetini öwrenmek üçin amatly şertleri döredýär. Bu bolsa ýaşlarda medeni mirasa gyzyklanmany kemala getirmäge ýardam edýär. Merkezde işleýän ýolbeletler myhmanlara her bir desga barada dürli dillerde giňişleýin maglumat berýärler hem-de gezelençleriň täsirli geçmegine goşant goşýarlar. Merkez sebitiň özboluşly medeni mirasyny gorap saklamaga, syýahatçylygy ösdürmäge ýardam berýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz hem-de dostlukly ýurduň Prezidenti “Karavansaray Turkistan” syýahatçylyk toplumyna baryp görýärler.
“Karavansaray Turkistan” Gündogar ertekisi äheňinde gurlan syýahatçylyk toplumydyr. Bu ýerde myhmanlar Türküstanyň taryhy, senetçiligi, medeniýeti, sportuň milli görnüşleri bilen tanşyp bilýärler. Toplumyň çäginde 115 otagly döwrebap myhmanhana ýerleşýär.
Toplumdaky söwda-dynç alyş merkezlerinde dürli attraksionlar, şol sanda tomaşaçylary ertekiler dünýäsine gaýybana syýahata äkidýän 3D tehnologiýaly attraksionlar hereket edýär. Özboluşly binagärlik äheňinde ýerine ýetirilen söwda zolaklarynda dünýä belli brendleriň dükanlary ýerleşýär. Dürli konsepsiýaly myhmanhana, söwda zolaklary, guralýan medeni çäreler daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda hem syýahatçylyk pudagyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Hazaryň türkmen kenarynda döredilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işleriň aýdyň netijesidir.
Hazret Sultan milli muzeý-goraghanasy bilen tanyşlykdan soňra, Gahryman Arkadagymyz hem-de Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hemmeler bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugradylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna sapary dowam edýär.