Gazagystanda gaplaňlaryň populýasiýasyny dikeltmek taslamasynyň çäginde haýwanlaryň geljekki öýi boljak, meýdany 415 müň gektardan gowrak bolan Ile-Bahaş goraghanasy döredildi. Bu barada Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy (WWF) habar berýär.
Goralýan çägiň döredilmegi – 2017-nji ýylda ýurtda başladylan maksatnamanyň şertleriniň biridir. Gazagystanyň hökümeti we WWF Ili-Balhaş sebitinde gaplaňlary reintroduksiýa etmek (gaýtadan tebigata uýgunlaşdyrmak) barada ähtnama gol çekdiler. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin Gazagystan 117 million teňňe (309,55 müň dollar), Bütindünýä ýabany tebigat gaznasy bolsa, 10 million ýewro goýberer. Şeýle hem Niderlandlar bu ösüşe öz goşandyny goşmaga isleg bildirdi – bu ýurt her ýyl 200 müň ýewro peşgeş berer.
Goralýan meýdanlar, takmynan, 1 müň inedördül kilometri eýelär. Geljekde gaplaňlaryň populýasiýasyny dikeltmek üçin niýetlenen tebigaty goraýyş zolagynyň 5 müň inedördül kilometr bolmagyna garaşylýar.
Ýyrtyjylar ilkinji gezek tebigata 2024-2025-nji ýyllarda goýberiler. Oňa çenli Ili-Balhaş goraghanasynda daşky gurşaw we gaplaňlar üçin aw boljak haýwanlaryň populýasiýasy dikeldiler hem-de awçylar okadylar. Maksatnamanyň gatnaşyjylary 15 ýyldan soň gaplaňlaryň sanynyň artyp, 70-75 sany boljakdygyna, 50 ýyldan soň bolsa 150-180 sany boljakdygyna umyt edýärler.
PDF









