Gazy eksport edýän ýurtlar forumynyň (GECF) täze taýýarlan maglumatynda gazyň sarp edilişiniň bütin dünýäde rekord derejä ýetendigi bellenilýär. Maglumata görä, tebigy gazyň sarp edilişi 2,5 göterim (100 milliard kub metr) artyp, 4 trillion 170 milliard kub metre ýetipdir. Munda ykdysady ösüşiň, senagatlaşmagyň, tehnologik ösüşiň, ilatyň artmagynyň, şäherleşmegiň we howanyň üýtgemeginiň täsiriniň bardygy bellenildi. Aziýa-ýuwaş ummany sebitinde gazyň sarp edilişi has ýokary boldy. Hytaýda gazyň sarp edilişi geçen ýyl 33 milliard köpelip, 430 milliarda ýetipdir. Russiýanyň we ABŞ-nyň hersinde 20 milliard kub metrlik artyş hasaba alnypdyr. Latyn Amerikasyndaky, Karib deňzi ýurtlaryndaky we Afrikadaky ösüş beýleki sebitlere garanyňda pesräk boldy. Ýewropada soňky iki ýylda tebigy gazyň sarp edilişi azalan bolsa, geçen ýyl üýtgewsiz bolmagynda galypdyr.
Dünýäde gazyň sarp edilişiniň artmagynda, esasan, elektrik energiýasyndaky önümçilik hem-de senagatyň täsiri has uly bolupdyr. Tebigy gaz ygtybarly çeşme bolmak bilen bir hatarda, gaýtadan dikeldilýän energiýanyň önümçiligini deňagramlylaşdyrýan çeýe önümçilik serişdesi bolmagynda galdy.
Maglumatda geçen ýyl has köp maýa goýum gönükdirilmegi netijesinde täze üsti açylan tebigy gaz ýataklarynyň sanynyň hem artandygy bellenildi. 2024-nji ýylda dünýäde 420 milliard kub metr tebigy gaz ýatagy tapylypdyr.
Geçen ýyl turbageçirijiler arkaly akdyrylýan gazyň möçberi 6 göterim artyp, 606 milliard kub metre ýetipdir. Suwuklandyrylan gazyň möçberi bolsa, 0,9 artyp, soňky dört ýylyň iň pes ösüşi hasaba alnypdyr. Muňa garamazdan, Aziýa ýurtlarynyň suwuklandyrylan gaz importy 8 göterim artypdyr. Munda Hindistanda we Hytaýda gurlan suwuklandyrylan gazy import etmäge niýetlenen terminallaryň gurlup ulanmaga berilmeginiň täsiri uly bolupdyr. Ýewropanyň suwuklandyrylan gaz importy bolsa 18 göterim azalypdyr. Munda turbageçirijiler arkaly üpjün edilýän gazyň möçberiniň artmagynyň täsiri uly bolupdyr.
Ýylyň dowamynda 70 sany suwuklandyrylan gaz gämisi hyzmata hödürlenipdir. Suwuklandyrylan gazy daşamagyň bahasy hem arzanlapdyr.