Germaniýanyň çempionatynda “Bawariýa” myhmançylykda “Union Berlini” ýeňmek başartmady. Leroý Saneniň goluna ýer eýelerinden Hollerbah jogap berdi. Tapgyryň iň ýatda galan duşuşygy “Ştutgartda” ýerli “Ştutgart” topary bilen çempion “Baýeriň” arasyndaky oýunda hasaba alyndy. Duşuşykda ýer eýeleri soňky ýarym sagadynda Demirowiçiň, Woltemadeniň hem-de Džakanyň awtogoly bilen 3-1 hasabynda öňde barýardy. Ýöne kembekleriň ussady bolan “Baýer” ýene bir ýola meýdançadan ýeňiş bilen dolanmagy başardy. Frimpong hem-de Inkapieniň gollary bilen aratapawut 1 gola düşüp, 88-nji minutda Ştilleriň öz derwezesinden geçiren goly esasynda hasap deňlendi. Lewerkuzenlileriň çehiýaly hüjümçisi Patrik Şik geçen ýyl birnäçe gezek görkezen başarnygyny bu sapar hem gaýtalap, 90+4-nji minutda toparyna yeňiş getiren oýunçy boldy. Çempionatyň tamamlanmagyna 8 tapgyr galanda, “Bawariýa” bilen “Baýeriň” arasynda 6 utuk aratapawudy bar. Çempionlykdan ep-esli daşlaşan “Borussiýa Dortmund” myhmançylykda “Leipsigden” Simons hem-de Opendanyň gollary esasynda 2-0 hasabynda asgyn geldi. “Borussiýa M” topary-da Pleanyň het-trik eden duşuşygynda “Werderden” 4-2 hasabynda üstün çykdy. “Wolfsburgy” Titsiň ýeke-täk goly bilen ýeňen “Augsburg” taryhynda ilkinji gezek 10 oýundan bäri ýeňilmän gelýär.

 

Sankt-Pauli – Hoffenhaým: 1-0 (Waýshaupt 51),

Maýns – Fraýburg: 2-2 (Burkardt 34, Hançe-Olsen 74 – Gregoriç 58, Hübler 79),

Union Berlin – Bawariýa: 1-1 (Hollerbah 84 – Sane 75),

Werder – Borussiýa M: 2-4 (Şmid 39, Andre Silwa 45+1 p – Plea 7 p, 28, 47, Klýaýndinst 81),

Augsburg – Wolfsburg: 1-0 (Tits 53),

Leipsig – Borussiýa D: 2-0 (Simons 18, Openda 48),

Bohum – Aýntraht: 1-3 (Holtmann 73 – Kristensen 27, Baoýýa 32, Batşuaýi 90+6),

Haýdenhaým – Holştaýn: 3-1 (Piringer 33, Ziwziwadze 47, Konteh 90+3 – Harres 87),

Ştutgart – Baýer: 3-4 (Demirowiç 15, Woltemade 48, Džaka 62 ö.d. – Frimpong 56, Inkapie 68, Ştiller 88 ö.d., Şik 90+4)