2023-nji ýylda 17,15 million daşary ýurtly syýahatçy Dubaýa barypdyr. Bu barada Dubaýyň Ykdysadyýet we syýahatçylyk departamentiniň statistikasynda mälim edilýär. Maglumatlara görä, 2023-nji ýylyň jemi boýunça Dubaýa daşary ýurtly syýahatçylaryň akymy 19,4% ýokarlanypdyr. Syýahatçylaryň, takmynan, 3,3 milliony Günbatar Ýewropadan baryp, syýahatçylaryň umumy akymynda bu ýurtlaryň paýy 19%-e deň boldy. Biraz yza galmak bilen ikinji orny Günorta Aziýa eýeledi (3,1 million, 18%). Öňe saýlanan ýurtlaryň üçlügini Russiýa, GDA we Gündogar Ýewropa ýurtlary emele getirýär, bu sebitlerden 2,26 million myhman baryp, daşary ýurtly syýahatçylaryň umumy akymynda syýahatçylaryň paýy 13%-e deň boldy.
Şonuň ýaly hem, ilkinji bäşlige Ýakyn Gündogar, Afrika (12%), Demirgazyk we Günorta-Gündogar Aziýa (9%) ýurtlary girdi. Geçen ýyl BAE-niň myhmanhanalarynyň ortaça dolulygy 77,4% boldy. Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda Dubaýda eýelenen otaglaryň sany 150 müň (821 myhmanhana), syýahatçylaryň gijelerine galmaklarynyň sany 41,7 milliona deň boldy. 2022-nji ýylda Dubaýa 14,36 million syýahatçy baryp görüpdir.