
Ýurdumyzda ulag ulgamyna sanly tehnologiýalary we innowasiýalary ornaşdyrmak, maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek işleri yzygiderli dowam etdirilýär. Hormatly Prezidentimiz XXI asyryň täze taryhy şertlerinde dünýäniň bitewüliginden ugur alýan öňdengörüjilikli syýasaty ýöretmek bilen, zeminiň ähli ýurtlarynyň özara sazlaşykly ösüşine ýardam edýän üstaşyr ulag infrastrukturasyny emele getirmäge gönükdirilen halkara başlangyçlary öňe sürýär.
Ýollar we ulaglar taryhyň dowamynda adamzat siwilizasiýasynyň ösmeginiň esasy şertleriniň biri bolupdyr. Geçmişden häzirki güne çenli ilatly ýerleri bir-birine baglaýan ýollaryň ýaýrawynyň barha artyp, olardan gatnaýan ulaglaryň yzygiderli kämilleşýändigini, uzak menzilleriň has gysga wagtda geçilýändigini görmek mümkin. Şu hakykatdan ugur alsak, ählumumy abadançylyk we durnukly ösüş ýol-ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzyň öňe sürýän adalatly hem-de inklýuziw ösüşe gönükdirilen başlangyçlarynda bu ugra aýratyn orun berilýär.
Amatly geoykdysady çäkde ýerleşýän ýurdumyzyň üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde Türkmenistan Demirgazyk – Günorta we Gündogar – Günbatar ugurlary boýunça halkara ulag geçelgelerini ösdürmek arkaly, gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň täze keşpde dikeldilmegine mynasyp goşant goşýar. Russiýanyň demirgazyk portlaryndan Hindistana we Pars aýlagyna ýükleri daşamaga niýetlenen geçelgäniň umumy uzynlygy 7,2 müň kilometre barabardyr. Bu geçelge ýükleri Sankt-Peterburgdan Mumbaý şäherine 15 – 25 günde ýetirmäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa beýleki ugurlar arkaly ýük gatnawlaryna garanyňda, has çaltdyr. Gündogar – Günbatar ulag geçelgesi Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ýük gatnawlaryny çaltlandyrmaga niýetlenen ugurlaryň toplumyny öz içine alýar. Umumy uzynlygy 9 müň kilometre barabar bolan geçelge Gündogar ýurtlarynda, hususan-da, Hytaýda öndürilen harytlary Merkezi Aziýanyň, Hazar deňziniň, Kawkaz sebitiniň we Gara deňziň üsti bilen Ýewropa ýetirmäge mümkinçilik berýär. Geçelgäniň şahalaryna baglylykda, häzirki wagtda ýükler 20 – 25 günde daşalýan bolsa, döwrebap ulag düzümleriniň işe girizilmegi we gümrük-logistika amallarynyň ýeňilleşdirilmegi netijesinde bu görkezijini iki esse azaltmak maksat edinilýär. Häzirki döwürde gurluşyklary güýçli depginde alnyp barylýan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly we Türkmenbaşy – Garabogaz – Gazagystan serhedine barýan awtomobil ýoly soňky ýyllarda işe girizilen demir ýol, deňiz we howa ulaglary düzümleriniň üstüni ýetirer. Ýol-ulag düzümleriniň kämilleşdirilmegi bilen bir hatarda, degişli ugurdaky gatnawlary has-da ýeňilleşdirýän halkara ylalaşyklaryň ýörite resminamalar bilen berkidilmegi ýolagçy gatnawlaryny we harytlaryň daşalmagyny täze derejä çykarýar.
Ýurdumyzyň ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary, Aragatnaşyk, Awtomobil ulaglary ministrlikleri, «Türkmenhowaýollary» hem-de Deňiz we derýa ulaglary döwlet gulluklary döredildi. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşiniň möhüm şerti hökmünde köpugurly ulag düzümini döretmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletimiziň maksatnamalaýyn özgertmeler syýasaty netijesinde, ulag ulgamynda giň gerimli taslamalar, awtomobil we demir ýollarynyň durkuny döwrebaplaşdyrmak, täzelerini gurmak, raýat awiasiýasynyň, gämi gurluşygynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny düýpli özgertmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Ykdysatçylaryň dilinde ýol-ulag düzümine «ykdysadyýetiň gan damary» diýilýär. Bu ýöne ýerden däl. Kadaly gan aýlanyşygynyň adam süňňüne täsir edişi ýaly, sazlaşykly işleýän, kämil ulag düzümleriniň bolmagy milli ykdysadyýete-de, dünýä ykdysadyýetine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ulag ulgamy ýaşaýşyň derejesini gowulandyrmagyň, dünýäniň ykdysady giňişligine goşulyşmagyň möhüm şerti bolup, Watanymyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine, goňşy ýurtlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna itergi berýär.
Ýurdumyzyň ulag ulgamynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmak we netijeli dolandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek arkaly milli ykdysadyýeti durnukly hem-de okgunly ösdürmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!
Hajymämmet NYÝAZGELDIÝEW,
«Türkmenhowaýollary» döwlet gullugynyň Aşgabat halkara howa menziliniň howa hereketini guramagyň Bir bitewi ulgamynyň Baş merkeziniň raýat sektorynyň uly dispetçeri.
PDF









