Ozal habar berşimiz ýaly, şu gün Täjigistanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine görä, sammite gatnaşyjylar 20 sany meseläni ara alyp maslahatlaşdylar. Duşenbe sammiti jemleýji resminamalara gol çekmek dabarasy bilen tamamlandy. Şol resminamalaryň hatarynda GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etmek baradaky çözgüdi hem bolup, geljek ýyl guramada Türkmenistan başlyklyk eder.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammitiň dowamynda 2026-njy ýylda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk etjek döwletiň Baştutany hökmünde sözlän sözünde bu çözgüt üçin hemmelere minnetdarlygyny bildirip, muňa ähli agza ýurtlar tarapyndan Türkmenistana bildirilýän hormatyň we ynamyň nyşany, döwletimiziň GDA-nyň ösüşine goşýan goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde baha berilýändigini aýtdy. «Biz bilelikde çözmeli wezipelerimiziň gerimine we derejesine doly düşünip, başlyklygymyza uly jogapkärçilik bilen çemeleşeris. Eýýäm ýakyn wagtda Türkmenistanyň GDA-da başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanylar. Resminama diplomatik ýollar arkaly Arkalaşygyň ýurtlaryna öz wagtynda ýollanar» diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Ýeri gelende nygtasak, Bitarap Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna assosirlenen agza hökmünde gatnaşýar we onuň çäklerinde açyk hem deňhukukly dialoga ygrarlydygyny görkezýär. Biziň ýurdumyz Arkalaşygyň giňişliginde özara gatnaşyklar meselelerinde işjeň orny eýelemek bilen, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy, däp bolan medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek boýunça wajyp başlangyçlary öňe sürýär, GDA-nyň guraýan dürli çärelerine işjeň gatnaşýar. Türkmenistan ozal hem 2012-nji we 2019-njy ýyllarda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk edip, bu jogapkärli wezipäni abraý bilen ýerine ýetiripdi.