Suwuklandyrylan tebigy gaz kabul etmek boýunça ikinji terminal Germaniýada Lubmin şäheriniň golaýynda açyldy. Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols simwoliki açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Bu portda “Demirgazyk akymy” we “Demirgazyk akymy 2” gaz turbageçirijileriniň kabul ediş terminallary ýerleşýär. Ondan öň rus gazy bu ýerden Germaniýanyň günortasyna we günbataryna Opal, Eugal we Nel gaz geçirijileri arkaly iberilýärdi. Germaniýa ýylyň başynda öz çäginde suwuklandyrylan tebigy gaz kabul etmek üçin infrastrukturasy bolmadyk ýeke-täk uly ýurtdy. Çünki Germaniýa Russiýa Federasiýasynyň turbageçirijilerine doly bil baglaýardy.
Öňümizdäki aýlarda Germaniýada ýene birnäçe ýüzýän terminallaryň peýda bolmagyna garaşylýar. Ýanwar aýynyň başynda ABŞ-nyň ilkinji suwuklandyrylan tebigy gaz ýüklenen tankeri Wilgelmshafen şäheriniň terminalynda kabul edildi. Germaniýanyň terminallarynyň diňe bir ýurtda däl, eýsem goňşy ýurtlarda, hususan-da Daniýada, Polşada we Çehiýada hem sarp edijileri ýangyç bilen üpjün edip biljekdigi habar berildi.