Germaniýada uly litiý ýatagy tapyldy. Bu barada “Neptune Energy” energiýa kompaniýasyna salgylanyp, “Bild” neşiri habar berýär. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, Saksoniýa-Anhalt sebitinde 43 million tonna litiý bar, bu dünýädäki iň uly ýataklaryň biri bolup biler. Litiý Germaniýa üçin diýseň möhümdir, sebäbi batareýalarda, enjamlarda we elektrik ulaglarynda esasy komponent hasanlanýar. Şeýle-de bolsa, 2033-nji ýyldan bärde magdan gazyp alyp bolmaz.