Global kompýuter satuwynyň 2022-nji ýylda ozalky ýyl bilen deňeşdirilende, 16,2 göterim peselendigi mälim edildi. “Gartner” şereketiniň maglumatyna görä, geçen 286,2 million kompýuter satylypdyr. Ýylyň soňky çärýeginde bolsa, has köp – 28,5 göterim azalyp, 65,3 million bolupdyr. Bu döwürdäki pese gaçyşlyk maglumatlaryň hasaba alnyp başlanan ýyly bolan 1990-njy ýyldan soňky rekord dereje bolupdyr. Bilermenler bu ýagdaýyň pandemiýa sebäpli kompýuter satuwynyň artyşynyň tamamlanandygyny görkezýändigini belleýärler. Maglumatda Hytaýyň “Lenovo” kompaniýasy 68 million 997 müň (24,1 göterim) kompýuter satyp, bu ugurda birinji bolupdyr. “Hewlett-Packard” 55 million 558 müň (19,4 göterim), “Dell” 50 million 7 müň (17,5 göterim) we “Apple” 27 million 911 müň (9,8 göterim) kompýuter satypdyr. “Gartner” şereketiniň bilermeni Mikako Kitagawa sarp edijileriň köpüsinde pandemiýa döwründe satyn alnan täze kompýuteriniň bardygyny, munuň satuwyň azalmagynda täsiriniň bardygyny belleýär.