Hytaý Gobi çölünde ilkinji Gün ýylylyk elektrik stansiýasyny işe girizdi. Bu barada “South China Morning Post” gazeti habar berýär. Elektrik stansiýasy döwlet eýeçiligindäki “China Three Gorges Corporation” döwlet korporasiýasy tarapyndan guruldy. Toplum Gün şöhlesini iki diňde jemleýän 27 müň aýnadan ybarat. Olar biri-birinden, takmynan, 1000 metr uzaklykda ýerleşip, beýikligi 200 metrdir. Şeýle çözgüt ilkinji gezek ulanylýar.
Ulgam, Selsiýa boýunça, takmynan, 570 gradus temperaturada energiýa öndürýär. Ýylylyk, turbinalary herekete getirýän bug öndürmek üçin ulanylyp, öz gezeginde, energiýa işläp çykarýar. Inženerleriň pikiriçe, elektrik stansiýasy Gün ýaşandan soň ýa-da bulutly howada hem elektrik toguny öndürmäge niýetlenendir.
Korporasiýada ulgamyň has netijeli işlemegi üçin iki diňiň zerurdygyny bellediler. Birinjisi irden, ikinjisi günüň ikinji ýarymynda işleýär. Bu, ýeke diň bilen deňeşdirilende, netijeliligi 25% ýokarlandyrýar. Mundan başga-da, az mukdarda aýna talap edip, taslama çykdajylaryny azaldýar.
Hünärmenler şeýle tehnologiýalary ulanmak bilen çözgütler üçin mümkinçilikleriň bardygyny nygtaýarlar. Olar Hytaýda «ýaşyl» energiýany ösdürmäge mümkinçilik berýär. Hususan-da, häzirki wagtda ýurtda umumy kuwwaty 1,5 million kilowatdan gowrak bolan 21 sany täjirçilik maksatly Gün ýylylyk elektrik stansiýasy işleýär.