30-njy noýabrda Gondurasda geçirilen Prezident saýlawynda ýurduň Konserwatiw milli partiýasynyň dalaşgäri Nasri Asfura sesleriň 40,62 göterimini alyp, ýeňiş gazandy. Bu barada Gondurasyň Milli Saýlaw Geňeşiniň başlygy Ana Paola Hall habar berdi.
Merkez-sagçy Liberal partiýasyndan Salwador Nasralla 38,78% ses bilen ikinji orny, häkimiýet başyndaky Azatlyk we üýtgedip gurmak partiýasyndan Riksi Monkada 19,60% ses bilen üçünji orny eýeledi.
Şeýlelikde, ilaty 10 milliona deň bolan Gondurasda ählumumy saýlaw geçirildi. Döwlet Baştutanyndan we üç wise-prezidentden başga-da, Respublikanyň ýaşaýjylary Milli Kongresiň (bir palataly parlament) 128 agzasyny, Merkezi Amerika Parlamentiniň (PARLACEN) 20 agzasyny, şeýle hem 298 şäher häkimini we 2 müň 168 şäher geňeşiniň agzasyny saýladylar. Prezident saýlawlary bir tapgyrda geçirilýär, ýeňiji ýönekeý köplük bilen kesgitlenýär.
Gonduras Respublikasy Merkezi Amerikada ýerleşýän ýurtdur. Onuň paýtagty Tegusigalpa. Bu ýurt günorta-gündogarda Nikaragua, günorta-günbatarda Salwador we günbatarda Gwatemala bilen serhetleşýär. Demirgazykda Karib deňzi we günortada Ýuwaş ummany bilen ýuwulýar. Ol Merkezi Amerikada Nikaragua we Gwatemaladan soň ikinji uly we iň köp ilatly ýurtdur.
PDF









