Ispaniýanyň “Maximiliana” startapy 100 we ondan uly ýaşly adamlar üçin umumy wideoaragatnaşyk duşuşygyny gurady. “Maximiliana” garry adamlara niýetlenen smartfonlary öndürýär. Bu enjamyň dizaýny çylşyrymly sazlamalary talap etmezden, ulanmaklyk üçin örän aňsat görnüşdedir. Duşuşyga ýurduň her awtonom birleşiginden 1 wekil, ýagny jemi 17 zenan gatnaşdy. Olaryň ýaşlarynyň jemi 1757 ýyla deň. Zenanlaryň arasynda iň ýaş zenan Kataloniýaly Mariýa Pakita atly 100 ýaşyndaky zenandyr. Iň ululary bolsa kantabriýaly, ýurduň iň köp ýaşly üç adamsynyň biri, 111 ýaşly monah uýa Rozario boldy. Olar özleriniň geçiren täsirli wideojaňlarynda ýaşlygyny, maşgalalary we özleriniň iň halaýan ýerleri barada söhbet etdiler. Ilkinji söhbeti Madridli Pepita atly zenan başlady. Ol öz joralary bilen tansa gatnaýşyny, milli “çotis” tansyny ussatlyk bilen ýerine ýetirişini, soňra La-Riohaly Karmen öz ýanýoldaşy bilen ilkinji gezek tans meýdançasynda tanşandygyny uly buýsanç bilen bellediler. Mundan başga-da aragonly Karolina garrylar öýündäki durmuşy baradaky wakalary täsirli gürrüň berip, ol ýeriniň işgärlerine berýän goldawy üçin minnetdarlyk bildirdi. Dabaraly duşuşyk taslamanyň esaslandyryjysy Horhe Terreunyň mährem zenanlar üçin “Taryhy eller” atly ajaýyp goşgy setirlerini ýerine ýetirmek we gatnaşyjylara ýadygärlik ýazgy tagtalaryny gowşurmak arkaly jemlendi.
Mährem BABAMYRADOWA,
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň talyby,
Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.
PDF









