Sport zalynda türgenleşikler wagtynda alynýan fiziki agramyň täsirini çalyşmaga ukyply derman gerdekleri Russiýada döredilip bilner. Bu barada RF-niň Saglygy goraýyş ministrliginiň hünärmen-rewmatology, Nasonowa adyndaky Rewmatologiýa ylmy-barlag institutynyň direktory Aleksandr Lila habarçylara habar berdi.
«Myşsalar ýygrylanda, miokinler, ýagny köp prosesleri işe goýberýän biologik işjeň maddalaryň birgiden toplumy bölünip çykýar. Şonuň üçin muny derman önümçiliginiň üsti arkaly çalyşmak barada pikir edýäris» diýip, lukman nygtady. Aleksandr Lilanyň sözlerine görä, gerdejiklere «fiziki agram» diýlip at berilse gerek. Ol kabul edilende, adamda sport türgenleşikleri wagtynda döreýän ähli özgerişlikleri işe girizip bolar.
PDF









