ABŞ-nyň 2027-nji ýyl üçin Dürlülik wizasyna (Diversity Visa/Green Card) ýüz tutmagyň wagty yza süýşürildi. ABŞ-na göçüp barmaga we ol ýerde yzygiderli ýaşamaga mümkinçilik berýän “Green Card” üçin ýüztutmalar adatça maliýe ýylynyň başy bolan oktýabr aýynda başlanýar. Ozalky ýyllardakydan tapawutlylykda bu ýyl ýüz tutan adamlardan 1 dollar töleg hem girizildi. Wiza çykmadyk ýagdaýynda bu töleg gaýtarylyp berilmez.
Wizanyň bu görnüşine ýüz tutmak üçin azyndan orta mekdebi tamamlan ýa-da belli bir iş tejribesi bolmak ýaly ýeňil şertleri bar. Her ýyl 55 müňe golaý adama “GreenCard” berilýär.
Adatça oktýabr aýynyň ilkinji hepdesinde ýüztutmalar başlanýar. Şu ýyl ýüztutmalaryň başlanjak senesi ABŞ-nyň Döwlet departamenti (Daşary işler ministrligi) tarapyndan mälim ediler.
Resmi maglumatyň golaýda travel.state.gov web salgysyndan ýaýradylmagyna garaşylýar.