Gresiýanyň parlamentiniň wekilleri 13 sagatlyk iş gününi girizýän kanun kabul etdiler. Bu barada Afinynyň Makedon habar gullugy (ANA-MPA) habar berdi. Ses berişlikde dolandyryjy “Täze Demokratiýa” partiýasynyň 156 agzasy we iki sany garaşsyz agzasy (ýurduň bir palataly mejlisinde jemi 300 deputat bar) Gresiýanyň Zähmet we Durmuş ministrliginiň “Hemmeler üçin adalatly zähmet” atly kanun taslamasyny goldady. Garşydaş partiýalaryň 109 agzasy bu kanuna garşy çykdy, “Öňdebaryjy bileleşik” saklandy.
Täze kanuna görä, işgärleriň öz islegi bilen, ýylda jemi 37 güni geçmezlik şerti bilen, aýda iň köp üç gün 13 sagada çenli işläp biljekdigi bellenilýär. Şeýle ýagdaýda hepdelik iş wagty 48 sagatdan köp bolmaly däldir.