Eger-de deňlik kemsitmeden üstün çyksa, Birleşen Milletler Guramasyna ahyrsoňy ilkinji zenan lider ýolbaşçylyk eder. Bu barada Kosta-Rikanyň öňki wise-prezidenti we BMG-niň indiki Baş sekretary wezipesine esasy dalaşgär Rebeka Grinspen aýtdy.
Ozal habar berlişi ýaly, golaýda BMG-niň indiki başlygyny saýlamak prosesi resmi taýdan başlandy, şonda agza döwletlerden 2027-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli Portugaliýanyň wekili Antonio Guterreşiň ornuna öz dalaşgärlerini hödürlemekleri soralyp, ýüz tutulypdy.
BMG-niň parahatçylyk we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça halkara agentlik hökmünde 80 ýyllyk taryhynyň bardygyna garamazdan, Baş sekretaryň wezipesini hiç haçan zenan eýelemändi. Liderlik üçin zerur bolan artykmaçlyklara we ygtyýarlyklara eýe bolan zenanlaryň sanyny göz öňünde tutup, bu hakykaty düşündirip bolmaýar.
Bu wezipä açyk yglan edilen dalaşgärleriň arasynda häzirki wagtda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (UNCTAD) baş sekretary wezipesini ýerine ýetirýän Rebeka Grinspen, Çiliniň öňki Prezidenti Mişel Baçelet we argentinaly diplomat Rafael Grossi bar.
Bu wezipä zenanyň bellenilmegi baradaky çagyryşlar barha artýar we indiki Baş sekretaryň Latyn Amerikasyndan bolmagy mümkin, sebäbi bu wezipe däp boýunça sebitleriň arasynda paýlaşylýar. Sanawda indiki Latyn Amerikasy we Karib deňzi bar.
-BMG-niň has inklýuziw bolmagy zerur. Çünki bu gurama Ikinji jahan urşy ýyllaryndan soň döredilende, onuň düzüminde 51 agza döwlet bardy, häzirki wagtda bolsa 193 agza döwlet bar, olaryň köpüsi 1945-nji ýylda guramanyň asyl gurluşyny kemala getirmekde hiç hili rol oýnamady – diýip, Grinspen belledi.
PDF









